Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly zähmet migrantlarynyň Stambuldaky “umyt bazary”


Stambulyň Çaglaýan sebitinde iş gözleginde ýanýodada garaşýan daşary ýurtly zähmet migrantlary. DHA habar agentliginden alnan surat
Stambulyň Çaglaýan sebitinde iş gözleginde ýanýodada garaşýan daşary ýurtly zähmet migrantlary. DHA habar agentliginden alnan surat

Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar bilen baglylykda, eklenç gözleginde Türkiýä gelen türkmen zähmet migrantlary günlükçi hökmünde işlemek üçin ir säher bilen Stambulyň Çaglaýan we Zekeriýaköý sebitlerindäki ýanýodalarda garaşyp başlaýarlar.

Türk media serişdeleriniň, şol sanda DHA habar agentliginiň we CNNTürk neşiriniň 23-nji maýda çap eden habaryna görä, Çaglaýanda ençeme sagatlap ýanýodada oturyp garaşýan zähmet migrantlarynyň arasynda türkmenistanlylar bilen bir hatarda, özbekler, mongollar, siriýalylar we owganlar hem bar.

“Öz ýurtlaryny taşlap, eklenç gözleginde Türkiýä gelen migrantlar günlükçi bolup işlemek üçin ýanýodada ençeme sagatlap garaşýarlar. Olaryň käbirleri öz golaýynda saklanan ulagdaky iş beriji bilen töleg meselesinde ylalaşýarlar we begençli ýagdaýda işe gidýärler. Käbiri bolsa, indiki ulagyň gelmegine garaşýar” diýlip, CNNTürk neşiriniň habarynda aýdylýar.

Aýdylmagyna görä, bir günlük ýa-da sagatlyk işlere gidýän zähmet migrantlarynyň gazanýan maliýe serişdesi ýerine ýetiren işine we işlän sagadyna görä üýtgeýär. Olar her gün 50-60 türk lirasyndan 150 türk lirasyna çenli aralykda töleg alýarlar. Bu ortaça 8-25 amerikan dollaryna barabardyr.

Türk neşiri bilen söhbetdeş bolan zähmet migrantlary Türkiýede hem iş tapmagyň kynlaşandygyny, käbir işçileriň eýýäm 1 aýdan bäri iş tapyp bilmeýändigini aýdýarlar.

“Biz birnäçe adam bolup bir öýde ýaşaýarys. Türkiýede işläp, öz ýurdumyzdaky maşgalamyza pul iberýäris. Ýöne Türkiýede hem ýagdaý ýaramazlaşdy. Häzir öz çykdajylaryny hem ödäp bilmeýän migrantlar bar. Käbir migrantlar hepdede bir gün, käbiri aýda bir gün işleýär. Biz daňdan bu ýere gelip, giçlik sagat dörde çenli garaşýarys. Biz köplenç ussalaryň ýanynda ýa-da öý goşlaryny, gurluşyk harytlaryny daşamak işlerinde işleýäris” diýip, migrantlaryň biri haberler.com neşirine gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki çeşmeleriniň biri Jumasapar şeýle ýagdaýyň Stambulyň diňe Çaglaýan däl, eýse Saryýer etrapçasyndaky Zekeriýaköý sebitinde hem gaýtalanýandygyny aýdyp, ol bu ýerdäki ýanýodada her gün 30-40 töweregi türkmenistanly zähmet migrantynyň üýşýändigini belledi.

“Jandarmanyň ýanynda ‘Dört ýol’ diýen ýerde durýarlar. Olar näme iş bolsa-da gidýärler. Mysal üçin, bakja, gurluşyk, öýleri arassalamak işleri, ýagny näme iş bolsa-da gidýärler. Olar gününe 100 türk lirasyndan işlemäge gidýärler. Ussa bolsa, onda 110-120 türk lirasyny töleýärler. Bu ýerde, esasan-da, erkekler durýarlar. Şu gidişine gitse, aýallar hem köçede durup başlarlar” diýip, Jumasapar 27-nji maýda gürrüň berdi.

Ol başga ýerlerde işe ýerleşmek üçin tanyş-bilşiň gerekdigine ünsi çekip, bu ýerde zähmet migrantlaryndan hiç hili resminama talap edilmeýändigini, şeýle-de tölegleriň nagt görnüşinde berilýändigini we şol sebäpli türkmen zähmet migrantlarynyň iş gözleginde şu ýerlere ýykgyn edýändigini aýdýar.

Şol bir wagtda, çeşmämiz käte bu ýerde migrantlaryň zähmet haklarynyň berilmezligi bilen bagly ýagdaýlaryň hem bolýandygyny, bu ýagdaýda resminama ýoklugy sebäpli olaryň öz töleglerini alyp bilmän kösenýändigini hem sözüni üstüne goşdy.

Türkiýe, Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar bilen baglylykda, türkmenleriň eklenç gözleginde iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň biri bolup durýar. Bu ýurtda kanuny ýa-da bikanun görnüşde uzak möhletli ýaşaýan türkmenistanlylaryň jemi sany mälim däl.

Ýöne türk hökümetiniň maý aýynda ýaýradan statistiki maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylyň diňe mart aýynda Türkmenistandan Türkiýä sapara gelen türkmenistanlylaryň sany 23 müň adama baryp ýetdi. Bu san geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 16 %-e golaý ýokary bolýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň şu ýylyň ýanwar aýynda çap eden “Dünýädäki ykdysady ýagdaý we geljekki mümkinçilikler” atly hasabatyna görä, Türkmenistandaky işsizligiň derejesi 2018-nji ýylda 3,3%-e barabar boldy. Ýöne Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň we ýerli synçylaryň ençemesi ýurtdaky işsizligiň derejesiniň 50-60 prosentden az däldigini aýdýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň
XS
SM
MD
LG