Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabadyň aeroportunda onlarça adam ýurduň daşyna goýberilmedi


Aşgabadyň halkara aeroporty (arhiw suraty)

Türkmenistanyň onlarça raýaty geçen dynç günleriniň dowamynda Türkiýä gidip bilmedi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, 29-njy aprele geçen gije Aşgabadyň halkara aeroportunyň migrasiýa gullugy azyndan 50 adamy serhetden geçirmändir. Edil şeýle ýagdaýlaryň ýene birnäçesi soňky günlerde ýüze çykdy.

"27-nji aprelden 28-nji aprele geçilýän gije Aşgabat aeroportunda 80 adam ýolundan alnyp galyndy" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky ýene bir habarçysy bir gün öň habar berdi we munuň öňüsyrasynda 150-den gowrak ýolagçynyň uçara goýberilmändigini belledi.

Şeýle-de, Aşgabatdaky habarçymyz Aşgabatdan Stambula barýan uçara 180 adamyň goýberilmändigini 27-nji aprelde habar beripdi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, şonda sebäbini düşündirmezden serhetden geçirilmedik ýolagçylaryň nägileligine jogap hökmünde aeroportyň resmileri güýç görkezipdir.

“Ony aeroportuň iki sany işgäri alyp gitmäge synandy, emma ol garşylyk görkezdi. Ony zor bilen äkitdiler” diýip, habarçymyz özüniň gözüniň alnynda bolan ýagdaý barada gürrüň berip, uçardan düşürilmeginiň sebäbini soran ýolagçy zenana güýç görkezilendigini habar berdi.

Azatlyk Radiosyna ýolagçylaryň uçardan düşürilmeginiň sebäbini Aşgabadyň halkara aeroportunyň resmilerinden we Türkmenistanyň migrasiýa gullugyndan anyklamak başartmady.

Türkmenistanyň raýatlary ýurduň daşyna çykmakda, ilkinji nobatda-da Türkiýä gitmekde yzygiderli kynçylyga duçar bolýarlar we bu ýagdaý ilatyň köpçülikleýin migrasiýasynyň fonunda döreýär.

Türkmenistanyň ilatynyň bir bölegi Türkiýä gitmekde kynçylyk çekýärkä, ýene bir böleginiň Türkiýeden Türkmenistana deportasiýa edilýän pursatlary hem göze ilýär.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň ýazmagyna görä, “Türkmenhowaýollarynyň” Stambuldan Aşgabada gelýän uçarlarynyň hersinde Türkiýeden deportasiýa edilen onlarça türkmen yzyna gelýär.

Neşiriň maglumatyna görä, deportasiýa edilen türkmenler, şeýle-de Türkiýede kanuny ýagdaýda işläp, ýurduna gaýdan türkmenler aeroportda ençeme sagatlap, sorag edilýär.

Türkmenistanyň raýatlary ýurduň daşyna işiň gözleginde, bilim almak we saglygyny bejertmek maksady bilen gidýärler. Türkiýe türkmenistanlylaryň gazanç üç iň köp barýan ýurdy bolup durýar.

Şol bir wagtda-da, Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, soňky döwürde Orsýete gidýän, şol sanda göçýän türkmenistanlylaryň sany köpelýär. Munuň bilen bir wagtda Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň öňünde nobatlaryň saklanmagy dowam edýär.

Bellemeli ýeri, türkmen resmileri raýatlara ýurduň daşyna goýberilmezliginiň sebäbini köplenç düşündirmeýärler. Raýatlaryň ellerinde ähli zerur kagyzlaryň bolmagy olaryň serhetden geçjegini kepil geçmeýär.

Türkmenistanyň daşyna gitmekçi bolan türkmenistanlylara Aşgabadyň aeroportunda päsgel döredilmegi bilen bagly wakalaryň onlarçasy geçen ýylda hem bolupdy.

2018-nji ýylyň aprel aýynda migrasiýa işgärleri tarapyndan saklanan ýolagçylaryň onlarçasy muňa protest bildiripdi.

Türkiýä goýberilmedik ýolagçylar gahar-gazaba mündi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:29 0:00

Şu ýyl türkmenistanlylaryň ýurduň daşyna çykmagynyň çäklendirilmegi türkmen häkimiýetleriniň bedew gününi milli derejede toýlamagyna gabat geldi.

​Türkmenistanyň kanunlary raýatlaryň ýurtdan çykyp-gelmegini kepil geçýär. Üstesine, türkmenistanlylaryň bu hukugy Türkmenistanyň 1997-nji ýylda tassyklan halkara konwensiýasynda göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG