Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň tabşyrygyndan soň, Aşgabatda hususy söwda nokatlary ýapylyp, gapylaryna möhür basylýar


Aşgabatda köp gatly jaýyň aşagynda ýerleşen hususy söwda dükanlarynyň biri. Arhiwden alnan surat
Aşgabatda köp gatly jaýyň aşagynda ýerleşen hususy söwda dükanlarynyň biri. Arhiwden alnan surat

Aşgabatda hususy söwda nokatlarynyň, dellekhanalaryň, gözellik salonlarynyň we fitnes merkezleriniň aglabasy köpçülikleýin ýapylyp, olaryň gapylaryna möhür basylýar.

“Häkimligiň işgärleri dükanlaryň we söwda, hyzmat nokatlarynyň gapylaryny möhürläp başlady. Graždanskaýa köçesiniň ugrundaky hususy dükanlaryň tas ählisi ýapyldy. Umuman, ilkinji nobatda protokol köçelerini we onuň golaýyndaky sebitleri, şol sanda olimpiýa şäherçesini arassalaýarlar. Bu ýerdäki dükanlaryň käbirine möhür basylan bolsa, käbirinden kärendeçiler öz goşlaryny çykarýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň anonim şertde maglumat beren habarçysy 29-njy maýda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, umuman, ilat arasynda “bir ädim golaýda” diýlip hasaplanýan söwda dükanlaryny aýyrmak barada kärendeçilere dilden görkezme berildi. Mundan beýläk Aşgabatda hususy söwda we hyzmat nokatlary söwda merkezlerinde we döwlete degişli dükanlarda ýerleşdirilmeli edildi.

“Dükanlary we salonlary söwda merkezlerine geçirmek düzgünleri, kriteriýalary nämälim bolup galýar” diýip, habarçy aýtdy.

Şol bir wagtda-da, habarçy öňünden planlaşdyrylyp gurlan we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýokarsynda degişli mahabat belgisi ýerleşdirilen hyzmat nokatlarynyň saklanyp galjakdygy barada gürrüňleriň bardygyny hem belledi.

“Mysal üçin, köp gatly jaýyň ýokarsynda et we balyk ýa-da dermanhana, matalar diýlip reklama ýazgysy bolsa, onda şol dükanlar saklanyp galmaly. Eger jaýyň ýokarsynda başga ýazgy, jaýyň aşagynda ýa-da ýerzemininde başga dükan bolsa, onda ol söwda nokady ýapylmaly we soňra üýtgedilmeli. Ýöne bu täze gurlan jaýlaryň ýerleşýän etrapçalaryna degişli” diýip, habarçy şäheriň beýleki etrapçalaryndaky dükanlaryň we salonlaryň dolulygyna ýapylýandygyny hem belledi.

Aýdylmagyna görä, bu çäre hususy telekeçileriň uly göwrüminiň ýok bolup gitmegine, şeýle-de ençeme adamyň iş orunlaryny ýitirmegine getirýär.

“Dellekhanalar we gözellik salonlary adatça, jaýlaryň birinji gatlarynda ýa-da ýerzeminlerinde ýerleşýärdi. Bu iş bilen köplenç Türkmenabatdan, Marydan, Daşoguzdan gelen aýal-gyzlar meşgullanýardy. Şeýle salony ýapylan aýallaryň biri öz iş ýeri ýapylanda, çäresizlikden aglady” diýip, habarçy şaýat bolan ýagdaýlary barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna gowşan wideo maglumatlarda ýapylýan hususy we söwda nokatlaryndan goşlaryň gyssagara çykarylýandygyny we jaýlarda dessine abatlaýyş işleriniň geçirilýändigini görse bolýar.

Aşgabatda gyssagly alnyp barylýan bu çäre prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 23-nji maýda Aşgabadyň merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, paýtagty ösdürmek barada maslahat geçirmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Maslahatyň dowamynda prezident şäherde bikanun gurulýan binalardan, käbir binalaryň göz öňünde tutulan maksatlar üçin ulanylmazlygyndan nägile boldy.

“Mysal üçin, käbir desgalaryň azyk we hojalyk dükanlaryna niýetlenen üçünji gatlary hususy fitnes-klublar, dürli gurnaklar, disko-merkezler we beýleki maksatlar üçin berlipdir. Munuň üçin ýörite bellenen ýerler bar, şol ýerler bolsa ulanylman dur” diýip, "Türkmenistan Altyn Asyr" neşiri prezidentiň sözlerini sitirledi.

Döwlet baştutanynyň bu çykyşyndan soň, has takygy 25-nji maýda Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri “şäher häkimiýetleriniň Garaşsyzlyk we Bitarap Türkmenistan köçeleriniň ugrundaky “elitniý” jaýlaryň aşaky gatlarynda ýerleşýän firmalary eýeleýän binalaryny boşatmaga mejbur edýändigini” habar beripdi.

28-nji maýda bolsa, esasan paýtagtyň merkezindäki ýaşaýyş jaýlarda ýerleşýän dükanlaryň, fitnes merkezleriň, dellekhanalaryň, gözellik we massaž salonlarynyň eýelerine lisenziýalarynyň uzaldylmajakdygy duýduryldy we söwda nokatlary şäher häkimligi tarapyndan ýapylyp başlandy.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar boýunça Aşgabadyň häkimliginiň özünden maglumat alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň
XS
SM
MD
LG