Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatly telekeçilere paýtagtyň daşyna göçmek maslahat berildi


Aşgabat, Maý, 2019
Aşgabat, Maý, 2019

Aşgabadyň telekeçilerine öz ofislerini paýtagtyň çetine göçürmegi tabşyrdylar. Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, häkimiýetleriň bu karary telekeçilere 15-nji maýda, gyssagly görnüşde gije yglan edilipdir.

"15-nji maýa geçilýän gije Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginde biznesmenleri ýygnap, olara şäheriň daşyna Senagat zonasy diýilýän ýere göçmegiň, öz edara jaýlaryny şol ýere göçürmegiň zerurlygyny yglan etdiler" diýip, Azatlygyň habarçysy 20-nji maýda habar berdi.

Häzirki wagtda Bedew massiwiniň golaýynda edara binalarynyň we söwda ýerleriniň ençemesi guruldy we gurulýar.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, 15-nji maýda geçirilen ýygnakda işewürlere hut şol ýere göçmek teklip edilipdir. Göçmek üçin göz öňünde tutulýan wagt möhleti anyklaşdyrylmandyr.

"Wagt möhletini takyk etmediler, emma ýygnagyň gije geçirilmegine görä, gyssagly bolmaly" diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Azatlyk Radiosy Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň özünden resmi kommentariý alyp bilmedi. Häkimiýetleriň telekeçileriň edara jaýlaryny paýtagtyň merkezinden çetine göçürmek kararynyň sebäpleri hem belli däl.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda Aşgabatda ofisler üçin niýetlenen binalaryň ençemesi gurlupdyr we ýene gurulýar.

"Şäherde ondan-da başga ofis binalary köp. Her bir "elitnyý" diýilýän ýaşaýyş jaýynda-da ofis jaýlary bar, emma olar boş durýar, şonça telekeçi ýok. Öňki Gogol köçesinde ähli maýa goýujylary özleri üçin ofis gurmaga mejbur etdiler. Şol ýerde hytaýly CNPC, [orsýetli] Kamaz, şeýle-de Itera, Enex we beýlekileriň ofisleri bar" diýip, Azatlygyň ýene bir habarçysy aýdýar.

Azatlygyň aşgabatly telekeçileriň arasyndaky ýene bir çeşmesiniň sözlerine görä, häzirki pursatda ofisini şäheriň çetine göçürmek talaby hytaý we türk kompaniýalaryna we käbir ýerli şirketlere degişli bolmandyr.

Azatlygyň habarçysynyň bellemegine görä, Aşgabadyň Bedew massiwiniň aňrysynda ýerleşýän senagat zonasy diýlip atlandyrylýan ýer gurulýan ofis binalarynyň uly toplumyny emele getirýär.

"Birmeňzeş binalardan, Biznes merkezinden ybarat tutuş bir şäherjige ähli firmalaryň ofisleri jemlener. Ol şäheriň çetinde Bedew massiwiniň aňrysynda ýerleşýär. Jaýlaryň ençemesi entek gurlup gutarylmadyk, emma ençemesi kireýine aljaklary kabul etmäge eýýäm taýýar" diýip, Azatlygyň habarçylarynyň biri aýdýar. Onuň sözlerine görä, edara jaýyny täzelemek, şäheriň daşyna göçmek telekeçileriň ençemesiniň göwnünden turmandyr.

"Adamlar özleriniň ozalky ofislerinde remont edipdi, üstesine şäheriň özünde galmak has amatly" diýip, habarçymyz belleýär we paýtagtyň çetindäki jaýlaryň kireý çykdajylarynyň has ýokary bolmagyna garaşylýandygyny belleýär.

Käbir tassyklanmadyk maglumatlara görä, Aşgabadyň çetinde gurulýan ofis binalary ýurduň ýolbaşçylaryna ýakyn şahslara degişli.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Rus dilinde hem okaň

XS
SM
MD
LG