Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Gadyr gijesine gabat 764 tussagyň günäsi geçildi, kimiň boşap, kimiň galýandygy aýdyň däl


2018-nji ýylda günä geçiş çäreleriniň dördüsi geçirildi.
2018-nji ýylda günä geçiş çäreleriniň dördüsi geçirildi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy maýda, mukaddes Gadyr gijesine gabatplap, iş kesilen 764 tussagyň günäsini geçmek hakyndaky karara gol çekdi.

Adatça bolşy ýaly, döwlet baştutany welaýat, etrap we şäher häkimlerine, beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen raýatlaryň işe ýerleşdirmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Emma ýurtda barha ýokarlanýandygy aýdylýan işsizlik şertlerinde öňki tussaglaryň işe ýerleşmek mümkinçiliginiň örän pesdigi habar berilýär.

Karara laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanda garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan bäri, türmeleriň tussag ýüküni ýeňletmek üçin, ýylda günä geçiş çäresi geçirilýär.

S.Nyýazow döwründe Gadyr gijesine gabat 9-10 müň tussagyň günäsi geçilerdi we bu praktika gysga döwürde on müňlerçe adamyň türmeden geçirilmegine sebäp boldy.

Ýurtda häkimiýet çalşandan soň, G.Berdimuhamedow uly baýramçylyklara gabat günä geçmek çäresini girizdi.

Şol bir wagtda synçylar ýurtda jenaýatyň azalýandygyny görkezýän alamatlaryň görünmeýändigini, günä geçişleriň ýygşamlaşdyrylmagyna garamazdan, türmelerde tussaglaryň sanynyň köp bolmagynda galýandygyny aýdýarlar.

Ikinji tarapdan, garaşsyz çeşmeler türkmen türmelerinde korrupsiýa derejesiniň ýokary bolmagynda galýandygyny, öňki resmileriň türmede hem "gowy ýaşaýandygyny" habar berýärler.

2018-nji ýylda günä geçiş çäreleriniň dördüsi geçirildi. Adatça bolşy ýaly, günäsi geçilen adamlara başda haýsy kanun maddalary esasynda iş kesilendigi aýdylmady.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň maglumatyna görä, olaryň üçüsinde (Gadyr gijesi mynasybetli, Garaşsyzlyk gününde we Bitaraplyk gününde) umumylykda alnanda 3102 adam azatlyga çykaryldy. Nowruz mynasybetli geçirilen dördünji günä geçişde näçe tussagyň boşadylandygy habar berilmedi.

2017-nji ýylda 3362 adamyň günäsi geçildi. Türkmrenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda onlarça müň adamyň dürli aýyplamalar esasynda türmä basylandygy, emma ol ýerden aklanyp çykanyň tasdan ýokdugy aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG