ABŞ-nyň we Orsýetiň diplomatlary, eger-de ýurduň uzaga çeken raýat urşuny soňlamaga kömek etjek tapgyrlaryn çärelere razy bolsa, ahyr netijede Siriýa gaýtadan “halkara jemgyýetçiligine goşulmaga ýol açjak” çäreleri maslahatlaşýarlar.
ABŞ-nyň Siriýadaky ýörite wekili Jim Jeffrey 29-njy maýda, ABŞ-nyň Howpsuzlyk geňeşinde ýapyk gapylaryň arkasynda geçirilen ýapyk sessiýadan soň, Waşington bilen Moskwanyň sekiz ýyllyk urşy soňlamak üçin “ädimme-ädim çäreleri” öwrenýändiklerini aýtdy. Ýöne ol bu ugurdaky rezolýusiýanyň “agyr kararlary” talap edýändigini hem sözüne goşdy.
Bu sözler täze ABŞ-Orsýet gatnaşyklarynyň Birleşen Ştatlaryň we onuň ýaranlarynyň, şeýle-de Orsýetiň, Eýranyň we Türkiýäniň, “Yslam döwletiniň” we beýleki terror guramalarynyň gatyşmagynda tutaşan urşa parahatçylykly çözgüt tapmak ugrundaky tagallalaryny görkezäýr.
Jeffrey maýyň başynda Orsýetiň Soçi şäherinde geçirilen gepleşiklerde ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeonyň Siriýa hökümetine halkara jemgyýetçiligine gaýtadan goşulmaga ýol açjak planlary maslahatlaşandygyny aýtdy.
Raýat urşunyň dowamynda Orsýet we Eýran prezident Başar al-Assadyň hökümetine goldaw berdi, ABŞ we Türkiýe bolsa, dürli pitneçi toparlary goldady.BMG-niň 2012-nji ýylyň 30-njy iýunynda çykara kararynda parahatçylyk gepleşiklerine, täze konstitusiýanyň taslamasyny düzmäge, BMG-niň gözegçiligi astynda saýlaw geçirmäge çagyryldy.