Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede Türkmenistanyň bir raýaty ten satmakdan halas edildi, ýene biri neşe satmakda güman edilip tussag edildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkiýäniň Kojaeli welaýatynda ten satmaga mejbur edilen 8 aýal, şol sanda Türkmenistanyň bir raýaty tussag edildi. Aýrybaşga bir wakada-da türk polisiýasy Ankara şäherinde neşe maddasyny öndürmekde we satmakda güman edilýän türkmenistanly ýene bir raýaty tussag etdi. Bu barada türk media beriş serişdeleri habar berýärler.

Türkiýäniň “Hürriýet” neşiriniň 31-nji maýda çap eden habaryna görä, Kojaeliniň Gebze şäherindäki kotlet dükany arkaly adam söwdasyny edýändigi anyklanan adamlaryň toparyna garşy geçirilen reýdde 25 şübheli tussag edildi. Olardan 8 sanysynyňtopar tarapyndan ten satmaga mejbur edilen zenanlardygy anyklandy.

“2 ýarym aýyň dowamynda tehniki we fiziki taýdan yzarlanan dükany 45 ýaşyndaky bir aýalyň dolandyrýandygy, ten satdyrylýan aýallaryň bolsa, bu ýerde ofisinat hökmünde işledilýändigi we gelen müşderilere satylýandygy anyklandy. Bu ýere gelen müşderileriň aýal saýlap, soňra dükana çagyrylan taksi bilen topara degişli kotej jaýlara iberilýändigi kesgitlendi” diýlip, habarda aýdylýar.

Türk neşiriniň maglumatyna görä, pasportlary elinden alnyp, zorluklara sezewar edilip, ten satmaga mejbur edilen biri türkmenistanly, ikisi gyrgyzystanly we dördüsi özbegistanly zenanlar öz ýurtlaryna iberilmek üçin Türkiýäniň degişli döwlet edarasyna geçirildi.

“17 şübheli ten satmaga höweslendirmek, araçylyk we ýer bilen üpjün etmek, bikanun adam söwdasyny etmek we adamy azatlykdan mahrum etmek aýyplamalary esasynda sud öňüne çykaryldy” diýlip, habarda aýdylýar.

Türk neşiriniň maglumatyna görä, dürli jaýlara bir wagtda amala aşyrylan reýdlerde şübheliler bilen bir hatarda, mobil telefonlarynyň we kompýuterleriň ençemesi hem-de uly möçberde nagt pul ele salyndy.

“Hürriýet” neşiri bu habardan bir gün soň, Ankaranyň dürli sebitlerinde neşe maddasyny öndürmekde we satmakda güman edilýän bäş adamyň, şol sanda bir türkmenistanlynyň tussag edilendigini habar berdi.

1-nji iýunda çap edilen habarda polisiýanyň neşe maddasyny satýandygy barada maglumat gelip gowşan türkmenistanly raýaty yzarlandygy we gürji raýaty bilen söwdany amala aşyrýan mahalynda tussag edilendigi aýdylýar.

“Polisiýanyň Etimesgut etrapçasyndaky bir adrese amala aşyran reýdinde türkmenistanly başga-da iki adam tussag edildi” diýlip, habarda bellenilýär.

Şübhelileriň öýlerinde we iş ýerlerinde amala aşyrylan gözleg işlerinde 1 kilogram geroin, 500 sany neşe tabletkasy, 1 sany sapança we käbir beýleki zatlar ele salyndy.

Şeýle-de, tussag edilen şübheliler polisiýa merkezinden soňra sud öňüne çykaryldy.

Azatlyk Radiosynyň türkmenistanly şübhelileriň soňky ykbaly barada Ankaranyň polisiýasyndan maglumat almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar bilen baglylykda, türkmen zähmet migrantlarynyň eklenç gözleginde iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkiýede türkmenistanlylar barada dürli habarlaryň çykmagy dowam edýär.

28-nji maýda “Hürriýet” neşiri Türkiýäniň Mugla welaýatynyň Fethiýe sebitindäki polisiýa resmileriniň ten satmaga mejbur edilen 17 aýaly, şol sanda türkmenistanly zenany halas edendigini habar berdi.

21-nji maýda Türkiýäniň Stambul şäherinde eneke bolup işe ýerleşen öýlerinden gymmat bahaly şaý-sepleri ogurlamakda şübhe bildirilýän 35 ýaşly türkmenistanly zenanyň tussag edilendigi mälim boldy.

Türkmenistanlylaryň daşary ýurtlarda duçar bolýan ýagdaýlary barada türkmen metbugatynda hiç hili maglumat berilmeýär. Bu habarlar barada Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy hem häzirlikçe kommentariýa bermekden saklanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG