Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda ozalky baş prokuror tussag astyna alyndy


Gyrgyzystanyň ozalky baş prokurory Aida Salýanowa (arhiw suraty)

Gyrgyzystanyň ozalky baş prokurory Aida Salýanowa 2013-nji ýylda ýurduň jenaýatçylarynyň esasy baştutanynyň möhletinden ir tussaglykdan boşadylmagy bilen ilteşikli tussag astyna alyndy.

Kanunçykaryjy Almambet Şykmamatowyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Salýanowa 3-nji iýunda Içeri işler ministrligine Aziz Batukaýewiň türmeden “bikanun ýagdaýda ir boşadylmagy” bilen ilteşikli soraga çagyrylanda tussag edilipdir.

Şykmamatow Salýanowanyň deslapky tussaghana ýerleşdirmek meselesiniň sişenbe güni kesgitlenjekdigini aýtdy.

Mundan birnäçe gün öň, bu iş bilen baglylykda premýer-ministriň ozalky orunbasary Şamil Atahanow deslapky tussaghana ýerleşdirilipdi.

2013-nji ýylda Batukaýew leýkemiýa keseli sebäpli möhletinden ir azatlyga goýberilende Salýanowa ýurduň baş prokurory wezipesinde işläpdi.

Batukaýewiň saglyk diagnozynyň soňy bilen galplaşdyrylandygy belli boldy.

Geçen aý Içeri işler ministrligi bu iş boýunça ozalky saglyk ministri Dinara Sagynbaýewanyň hem tussag astyna alnandygyny mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG