Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen banklarynda ýurduň çäginde nagt pul geçirimlerini amala aşyrmak ýatyryldy


Türkmenistanyň "Halkbank" döwlet täjirçilik bankynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki edarasy. Arhiwden alan surat
Türkmenistanyň "Halkbank" döwlet täjirçilik bankynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki edarasy. Arhiwden alan surat

Şu ýylyň aprel aýyndan başlap Türkmenistanyň banklarynda ýurduň çäginde milli manatda nagt pul geçirimleriň amala aşyrylmagyna mümkinçilik döredýän hyzmat ýatyryldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary habar berýärler.

“Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň ‘Gyrat’ hyzmaty aprel aýynda ýatyryldy. Bu hyzmat ýurduň çäginde milli manatda nagt pul geçirimlerini amala aşyrmak üçin niýetlenen ýeke-täk hyzmatdy. Bu hyzmatyň ýatyrylmagy bilen, häzirki wagt ýurduň banklarynda nagt pul geçirimlerini amala aşyrmak üçin hiç hili mümkinçilik ýok” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren Lebapdaky habarçylarymyzyň biri 5-nji iýunda gürrüň berdi.

Ol bu hyzmatyň ilat üçin örän elýeterli we arzan bolandygyny aýdyp, häzirki wagt ýurduň çäginde nagt pul geçirimlerini diňe poçta hyzmatlary arkaly amala aşyryp bolýandygyny belledi.

“Ýurduň poçtasyndan nagt pul geçirimlerini amala aşyrjak bolsaň, iberýän puluň 10%-ni hyzmatlar üçin saklap galýarlar. Bu ilat üçin örän amatsyz we oňaýsyz, ýöne adamlarda başga çykalga ýok. Iň bolmanda, iberýän puluňdan prosent saklanman, umumy kesgitlenen bir töleg möçberi bolan bolsa, onda adamlar şikaýat hem etmezdi” diýip, habarçy lebaply ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanyp aýtdy.

Galyberse-de, ol eger dynç ýa-da baýramçylyk günleri bolmasa, onda poçtadan tapawutlylykda, bankdan iberilen pul serişdesini ýurduň beýleki künjegindäki raýatlaryň bir gün soň nagtlaşdyryp bilýändigini hem belledi.

“Poçtadan nagt pul serişdesini geçireniňde, has köp wagt garaşmaly bolýar. Bu käte bir aýa çenli çekip bilýär” diýip, habarçy hyzmatyň ýatyrylmagynyň sebäpleri barada bank resmileri tarapyndan anyk düşündiriş berilmeýändigini aýdyp, sözüni jemledi.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky we “Türkmenpoçta” döwlet edarasy bilen habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary başa barmady.

Bu hyzmatyň ýatyrylandygy ýa-da öz güýjünde dowam edýändigi barada Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň resmi websaýtynda-da maglumat berilmeýär.

Ýöne websaýtyň “Gyrat” nagt pul geçirimleri bölüminde “bankyň görkezilen amaly müşderiler üçin hasap açyp ýa-da açman amala aşyryp bilýändigi”, şeýle-de pul geçirmesiniň iň az möçberiniň 20 manada barabar bolmalydygy mälim edilýär.

​2016-njy ýylyň başynda Türkmenistanyň banklarynda daşary ýurt walýutasynyň nagt söwdasy resmi taýdan ýatyrylany bäri, türkmen häkimiýetleri ýurduň daşyna we içine pul ibermek mümkinçiliklerini ençeme gezek çäklendirdi.

Geçen ýylyň ahyrynda Azatlyk Radiosynyň Aşgabat şäherindäki habarçylary türkmen banklarynyň “Western Union” arkaly daşary ýurtlara pul iberjek müşderileriň günde diňe 20 sanysyny kabul edýändigini we paýtagtyň hem-de Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň bu hyzmat arkaly her aýda diňe 300 amerikan dollaryny daşary ýurtdaky student dogan-garyndaşlaryna iberip bilýändigini gürrüň berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG