Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

VISA kartlary: Türkmen bankyndaky 'býurokratik bökdençlikler' raýatlary surnukdyrýar


Arhiwden alnan surat
Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň Aşgabadyň Azatlyk etrabyndaky edarasynda raýatlaryň VISA plastik bank kartlarynyň möhletini uzaltmak çäresi ençeme sagada çekýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy bankdaky “býurokratik bökdençlikler” sebäpli raýatlaryň yzygiderli bir otagdan beýleki otaga iberilýändigini, bu ýerlerde-de adamlaryň uly nobatlarynyň bardygyny aýdýar. Munuň bolsa, müşderilere hyzmat etmek prosesini has-da haýalladýandygyny we bu ýere baran raýatlary surnukdyrýandygyny belleýär.

“Geçen hepde men we meniň tanyşlarym VISA kartynyň möhletini uzaltmak üçin yzly-yzyna iki gün banka bardyk. Birinji gün bölüm başlygynyň ýerinde ýokdugyny aýdyp, yzyma iberdiler. Ikinji gün baranymda men ilki başlygyň otagyna girdim. Ol maňa birinji gata düşüp, 108-nji otaga barmalydygymy aýtdy. Otaga girip, özümi tanyşdyrdym we näme üçin gelendigimi aýtdym. Ol ýerden meni ýene ikinji gata iberdiler. Kadrlar bölümine baryp, pasportymyň peçat basylan sahypasynyň kopiýasyny etdirmeli diýdiler” diýip, habarçy 3-nji iýunda gürrüň berdi.

Habarçy bu ugurda özüniň we başga-da birnäçe tanyşlarynyň başdan geçirenleri barada gürrüň bermegi dowam etdirip, şondan soň özüniň pasportynyň iki nusgasyny alyp, ýene birinji gata düşendigini we olary 108-nji otagda oturan bank resmisine berendigini aýtdy.

“Bu otagda oturan resmi zenan maňa pasportyň ýene bir kopiýasyny etdirmelidigimi aýdyp, gaýtadan meni ikinji gata iberdi. Her kopiýa üçin 5 manat, jemi 10 manat töledim. Kopiýany getirenimden soňra bu zenan meniň formamy doldurdy. Soňra-da ol baş hasapçynyň ýerleşýän 207-nji, walýuta operasiýalarynyň başlygynyň ýerleşýän 218-nji, başlygyň kabulhanasy ýerleşýän 209-njy otaglaryna iberip, her birinden bu forma gol goýdurmalydygymy aýtdy” diýip, habarçy bu otaglarda gol goýdurandan soňra ýene 108-nji otaga dolanyp gelendigini belledi.

Onuň sözlerine görä, bank resmisi bu resminamany doldurandan soňra onuň ýene iki kopiýasyny etdirmegi we kassada 78 manat tölemegi soraýar.

“Bank resmisi ýene iki aý soň gelip, VISA kartyň taýýar bolandygyny ýa-da bolmandygyny anyklamalydygymy aýtdy. Eger ýetişseler taýýar boljakdygyny, bolmasa-da garaşmaly boljakdygymy hem duýdurdy” diýip, habarçy “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynda müşderilere VISA kartlaryň diňe iki ýyl möhlet bilen berilýändigini hem belledi.

Habarçy käbir otaglardan gol almak ýa-da tölegleri amala aşyrmak üçin özüniň bir ýarym sagat çemesi garaşmaly bolandygyna ünsi çekip, paýtagtda VISA bank kartynyň möhletini uzaltmak prosesi üçin azyndan tutuş bir günüň gerekdigini hem aýtdy.

Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylan ýagdaýlar barada “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky bilen habarlaşyp, kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda walýutanyň nagt çalşygy 2016-njy ýyldan bäri resmi taýdan gadagan edildi. Şondan soň 1 amerikan dollarynyň resmi kursy 3,5 manat möçberinde saklanyp galýan mahalynda, onuň “gara bazardaky” bahasy bäş esse ýokarlandy we 19 manada çenli ýetdi.

VISA bank kartlary Türkmenistanyň raýatlaryna türkmen manadyny resmi kurs boýunça daşary ýurt walýutasyna öwürmäge we bu puldan ýurduň daşynda peýdalanmaga mümkinçilik berýän ýeke-täk ýollaryň biridir.

Munuň bilen bir wagtda, türkmenistanlylar öz VISA bank kartlaryny almak, oňa pul salmak we bu maliýe serişdesini daşary ýurtlarda nagtlaşdyrmak bilen bagly hem dürli kynçylyklar bilen indi iki ýyl çemesi wagt bäri ýüzbe-ýüz bolup gelýärler.

Bu aralykda, türkmenistanlylara ýurduň içinde peýdalanmak üçin berilýän bank kartlary, olardaky maliýe serişdesini nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklar barada hem Azatlyk Radiosynyň ýurt içinäki habarçylary we çeşmeleri habar berýärler.

Ahal welaýatynyň Tejen şäherindäki bankomatlarda köplenç nagt puluň tapdyrmaýandygyny we munuň bilen bagly ýaşaýjylaryň öz aýlyklaryny, pensiýa haklaryny we kömek pullaryny nagtlaşdyrmakda dürli kynçylyklary başdan geçirýändigini, ýurt içindäki çeşmämiz anonim şertde 3-nji iýunda gürrüň berdi.

“Nagt pul bolanda-da, adamlar her gün diňe 100 manat nagtlaşdyryp bilýär. Bu diýildigi, adamlar 2000-3000 manat möçberindäki aýlygyny diňe 1 aýyň dowamynda doly nagtlaşdyryp bilýärler. Ýaşaýjylaryň köpüsi tanyş-bilişlerine goşmaça pul berip, öz bank kartlaryny Aşgabada ýa-da Mara iberýärler. Olar bank kartlaryndaky puly nagtlaşdyryp, yzyna getirip berýärler” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG