Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti Migrasiýa gullugynyň işinde “täzeçil usullaryň” ulanylmalydygyny aýdýar


Aşgabadyň Halkara aeroportundan daşary ýurda goýberilmedik türkmenistanly ýolagçylar. Aşgabat ş, 2018-nji ýylyň maýy
Aşgabadyň Halkara aeroportundan daşary ýurda goýberilmedik türkmenistanly ýolagçylar. Aşgabat ş, 2018-nji ýylyň maýy

5-nji iýunda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet migrasiýa gullugynyň işinde “täzeçil usullaryň” ulanylmalydygyny aýtdy.

Çarşenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisine ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Onuň dowamynda prezident beýleki howpsuzlyk meseleleri bilen bir hatarda Döwlet Migrasiýa gullugynyň işi barada çykyş etdi.

Türkmen Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) ýazmagyna görä, prezident Döwlet Migrasiýa gullugynyň başlygy Mergen Gurdowyň hasabatyny diňläp, migrasiýa işinde “täzeçil usullaryň” hem-de “dünýäniň ösen tejribeleriniň” ulanylmalydygyny aýtdy.

Prezidentiň bu çykyşy Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki ygtybarly çeşmeleriniň, Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetiniň ýapyk maglumatlaryna salgylanyp, soňky 10 ýylyň dowamynda ýurtdan 1.9 milliona golaý adamyň daşary ýurtlara emigrasiýa edendigi barada beren habarynyň yzýanyna gabat geldi.

Şeýle-de, ýurtdan gowuşýan maglumatlara görä, soňky wagtlarda türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlardan dolanýan käbir türkmenistanly studentleri Aşgabadyň Halkara aeroportundan göni harby gulluga ugratmak çärelerine baş goşup başlady.

Ýatlasak, 20-nji maýda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanly bir studentiň Moskwadan Aşgabada dolanan güni, paýtagtyň Halkara aeroportundan göni harby gulluga ugradylandygyny habar berdi.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiri 4-nji iýunda çap eden maglumatynda ýene-de dört studentiň 1-nji iýunda Türkiýeden Türkmenistana dolananda Aşgabadyň Halkara aeroportundan göni çagyryş boýunça harby gulluga ugradylandygyny habar berdi.

Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň öz ýurt içindäki habarçylaryna we çeşmelerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Prezident Migrasiýa gullugynyň işinde “täzeçil usullaryň” ulanylmalydygyny, hem-de onuň işinde “sanly ulgamlardan” we “dünýäniň ösen tejribelerinden” peýdalanylmalydygyny aýtdy.

Migrasiýa gullugynyň işinde prezidentiň göz öňünde tutýan “täzeçil usullarynyň” jikme-jikligi Türkmenistanyň döwlet metbugatynda mälim edilmedi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri we habarçylary köp sanly raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagynda hem-de ýurda dolanmaklarynda dürli päsgelçilikleriň döredilýändigini aýdýarlar.

2-nji iýunda Azatlyk Radiosyna beren telefon interwýusynda uzak möhletli esasda Türkiýede ýaşaýan türkmen migranty Jumasapar Türkmenistandan okuw-iş gözleginde Türkiýä gelýän türkmenistanlylaryň ençemesiniň Aşgabadyň aeroportunda dürli päsgelçiliklere sezewar bolýandyklaryny gürrüň berdi.

“[Türkiýedäki türkmenistanly migrantlaryň] esasy problemalaryndan biri, öýlerine gidip gelmek; ene-atalaryny görüp gelmek meseleleri türkmenleri juda gynap dur. Çünki, gitse gelip bilmeýärler, gelseler gidip bilmeýärler” diýip, ol aýtdy.

Türkmenistan diňe öz raýatlarynyň daşary ýurtlara gidip gelmeklerine degişli çäklendirme çärelerini däl, eýsem daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistana gelmeklerine degişli berk wiza düzgünlerini hem saklap galýar.

Bu ýagdaýdan taryhy şertler sebäpli ýurtdan aýra düşen Owganystandaky türkmen diasporasynyň wekilleri hem ejir çekýär.

“Biz Özbegistana, Täjigistana ýa Gazagystana baryp gelýäris, wiza berýärler, hiç kynçylyk döretmeýärler. Türkmenistan wiza berenok. Barsak, daýylary tapsak, daýzalary tapsak şol ýerde, gatnaşsak diýip haýyş edýäris. Arzuwymyz bar, ýöne bize hiç wiza miýesser edenok” diýip, owgan türkmenleriniň wekillerinden Muhammet Azym Aga 1-nji iýunda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Prezident Berdimuhamedow çarşenbe güni geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Döwlet Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň “Watanyň abraýyny ýokarlandyrmaga goldaw bermelidigini” hem aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG