Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtdan Türkmenistana dolanan student Aşgabadyň aeroportundan göni harby gulluga äkidildi


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerler.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerler.

Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanly bir student Moskwadan Aşgabada dolanan güni, paýtagtyň Halkara aeroportundan göni çagyryş boýunça harby gulluga ugradyldy.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy maglumat berýär. Waka geçen hepde boldy.

Student ýurduň çägine girenden soň, Türkmenistanyň güýç edaralarynyň wekilleri ony 2 sagat çemesi wagtlap Aşgabadyň Halkara aeroportunda saklaýar, soňra degişli harby wekilligiň işgärleri gelip, studenti göni aeroportdan harby gulluga alyp gidýär.

Maglumaty ýetiren çeşmäniň howpsuzlyk ýagdaýlary göz öňünde tutulyp, aeroportdan harby gulluga ugradylan studentiň şahsy detallary – onuň ady, familiýasy, okaýan ýokary okuw jaýy baradaky maglumatlar mälim edilmeýär.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, gürrüňi edilýän student heniz Russiýada okap ýören döwründe, ýylyň dowamynda iki gezek onuň yzyndan Türkmenistandaky ýazgyda duran salgysyna harby gulluga çagyryş haty gelipdir.

Azatlyk Radiosy bu waka bilen bagly Türkmenistanyň Goranmak ministrliginden kommentariý alyp bilmeýär.

Türkmenistanda goşun gullugyna häzirki çagyryş 20-nji martda yglan edildi. Ýurduň çagyryş boýunça harby gulluga geçmäge degişli raýatlary aprel-iýun aralygynda goşun gullugyna alnar.

Ýatlasak, geçen aýyň başynda Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň harby edaralarynyň işgärleriniň mart aýyndan bäri daşary ýurtlarda bilim alýan aşgabatly ýaşlaryň ene-atalaryna jaň edip, olaryň harby gulluk borjuny ýerine ýetirmegi üçin ýurda dolanmaklaryny talap edýändiklerini habar beripdi.

"Ene-atalar dilhat ýazyp, ogullarynyň okuwdan soň Türkmenistana dolanjagyna we goşunda gulluk etjegine kepil geçýärler" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz apreliň başynda habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky beýleki bir habarçysy ene-atalaryň daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna jaň edip, olara ýurda dolanmazlygy tabşyrýandygyny habar berdi.

“Indi ýaşlar kanikulda Türkmenistana dolanan mahalynda, olara aeroporta gelen dessine, harby gulluga alynjakdygy aýdylýar. Häzirki wagt ene-atalaryň tas ählisi diýen ýaly çagalaryna okuwy doly tamamlanýança, ýurda dolanmazlygy tabşyrýarlar” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri çagalary daşary ýurtlarda okaýan ene-atalaryň ençemesine salgylanyp, 30-njy aprelde gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagt 27 ýaşa çenli bolan oglanlaryň ählisini harby gulluga alyp gidýärler. Ýöne bu ýaş çäklendirmesiniň 35 ýaşa çenli ýokarlandyryljakdygy barada gep-gürrüňler hem bar.

Türkmenistanda ýaragly güýçlere çagyryşlar ýylda iki gezek bahar we güýz aýlarynda iki ýyllyk möhlet bilen amala aşyrylýar.

Ýokary okuw jaýlarynyň studentleri, şol sanda ýurduň daşynda bilim alýan harby gulluga çagyrylmaga degişli türkmenistanlylar harby gullukdan wagtlaýyn boşadylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG