Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak eneleriniň Almatydaky metbugat ýygnagy bozuldy


Almaty. Eneleriň duşuşygy. 7-nji iýun, 2019.
Almaty. Eneleriň duşuşygy. 7-nji iýun, 2019.

Gazagystanyň iň uly şäheri Almatyda durmuş kömekleriň berilmegini we düzüwli jaý üpjünçiligini talap edýän eneler toparynyň gurnan metbugat ýygnagy başga aýallar tarapyndan bozuldy. Bu hadysa irki prezident saýlawlarynyň iki gün öňünden boldy.

Gazagystanyň Adam hukuklary býurosy tarapyndan 7-nji iýunda geçirilýän metbugat ýygnagy 20 çemesi aýalyň kürsäp urup, saýlawlaryň öňüsyrasynda öz ýagdaýlaryna ünsi çekmäge çalşan ýeke, köp çagaly we kömege mätäç eneleriň üstüne gygyrmaga başlanda togtady.

"Siz biziň döwletimiziň parahatçylygyny bozýarsyňyz”, “Biz bu ýerde ikinji Ukraina bolmagyny islemeýäris”, “Biziň hökümetimiz siz üçin ähli zady edýär” diýip, metbugat ýygnagyny bozan aýallar gygyryşdylar.

Metbugat ýygnagyny guramaçylaryň biri Žansaýa Žanabaýewa Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna özüniň we beýleki eneleriň žurnalistlere öz ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary we edýän talaplary barada gürrüň bermek isländigini aýtdy.

Metbugat ýygnagyny guramaçylar ýygnagy bozan aýallaryň şäher häkimiýetleri tarapyndan iberilen bolmagynyň ahmaldygyny hem öňe sürdüler.

Almaty şäheriniň adminstrasiýa wekili düşündiriş almak üçin elýeterli bolmady.

Gazagystanda fewralda bir maşgalanyň bäş çagasy paýtagtdaky ugursyzjaýlarynda ýanyp ölenden soň, bütin ýurt boýunça ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga çagyrýan protestler geçirildi.

XS
SM
MD
LG