Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda Nazarbaýewiň saýlan Tokaýewini prezidentlige seçmeli saýlawlarda onlarça adam tussag edildi


Almaty. Ses beriş nokatlarynyň köpüsi ir sagat 7-de açyldy.
Almaty. Ses beriş nokatlarynyň köpüsi ir sagat 7-de açyldy.

Gazagystanda 9-njy iýunda geçiş prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň wezipede galmagy üçin guralana meňzeýän irki ses berişlik başlandy.

Saýlawlaryň başlanmagy bilen, 9-njy iýunda protest bildirýän onlarça adamy tussag etdi.

Gazagystanyň iň uly şäheri bolan Almatynyň Astana meýdançasynda 100-den gowrak protestçi tussag edildi, bu ýere çykan adamlar Tokaýewiň hökümet tarapyndan tassyklanan alty kandidata garşy bäsleşýän saýlawlaryny boýkot etmäge çagyrdylar.

Birnäçe protestçi we žurnalistler, şol sanda AÝ/AR-nyň Gazak gullugynyň habarçysy Pýotr Trotsenko tussag edilip, polisiýa maşynlarynda alnyp gidildi.

Şimkentdäki tussag etmeler.
Şimkentdäki tussag etmeler.

Astana meýdançasynda we şäheriň beýleki ýerlerinde onlarça polisiýa ofiseri ýerleşdirilip, Almatyda howpsuzlyk çäreleri ýokarlandyryldy diýip, Azatlygyň habarçylary habar berdiler.

Täzelikde ady üýtgedilen we Nazarbaýwiň adyny göterýän paýtagt Nur-Sultanda polisiýa Ýaşlar köşgüniň golaýynda protest geçirýän onlarça oppozisiýa goldawçysyny, şol sanda bu waka hakynda habar taýýarlaýan žurnalistleri hem tussag etdi.

Paýtagtda tussag edilenleriň arasynda AÝ/AR-nyň Gazak gullugynyň habarçysy Sania Toiken hem bar.

Nur-Soltandaky protestçiler azat we adalatly saýlawlara çagyryp, ellerinde gök reňkli şarlary tutup durdular. Bu ýurtda gadagan edilen Gazagystanyň Demokratik saýlawy oppozisiýa toparynyň nyşanydyr.

Bu hereketiň lideri, Nazarbaýwiň we onuň hökümetiniň berk tankytçysy, Fransiýada bosgunlykda ýaşaýan Muhtar Abliýazow ozal adamlary hökümete garşy ýygnanyşyklara gök reňkli şarlary alyp çykmaga çagyrdy.

Ýaşlar köşgüniň golaýynda 10 çemesi awtobus ýerleşdirildi, şäher merkeziniň golaýyndaky Respublika we Abaý köçeleri baglandy.

Şu aralykda günortadaky Şimkentde 20 protestçi tussag edildi.

Tokaýew uzak wagtlyk prezident bolan we 19-njy martda, energiýa baý ýurda 30 ýyla golaý eden ýolbaşçylygyndan çekilen Nursoltan Nazarbaýew tarapyndan oruntutar bellenildi.

Ses beriş nokatlarynyň köpüsi ir sagat 7-de açyldy we agşam sagat 8-de aýyplar. Käbir ses beriş nokatlary bir sagat ir açyldy, ýurt daşynda hem 65 ses beriş nokady işleýär.

Orsýetiň TASS habar gullugy Tokaýewiň paýtagt Nur-Soltanda, Astana Opera öýünde ses berendigini habar berdi.

"Biziň adamlarymyz köp durmuş we ykdysadyýet meselesinden alada galýar” diýip, ol žurnalistlere aýtdy.

“Şu sebäpden saýlawlar ýurda kimiň ýolbaşçylyk etmelidigini, biziň ýurdumyzyň geljekde nähili bolmalydygyny kesgitlemek üçin gowy pursat” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Tokaýew tarapyndan 9-njy aprelde, “syýasy nämälimlikden” sowulmak üçin çagyrylan irki saýlawlar gazak oppozision aktiwistleri tarapyndan adalatsyz we bäsleşiksiz diýlip tankyt edildi.

66 ýaşyndaky Tokaýew hökümet tarapyndan tassyklanan we hakykatda jemgyýetde gowy tanalmaýan, çäklije kapmaniýa geçiren we az goldawy bolan alty kandidat bilen bäsleşýär

Halkara guramalary Gazagystanda 1991-nji ýylda garaşsyz ýurt bolaly bäri geçirilen saýlawlaryň hiç birini azat we adalatly diýlip atlandyrylmady.

Gazagystanda Nazarbaýew işden çekileli bäri adatça bolmadyk we uly möçberli jemgyýetçilik demonstrasiýalary boldy we protestçiler syýasy reformalara çagyrdylar.

Saýlawçylary saýlawlary boýkot etmäge çagyran hem köp boldy.

XS
SM
MD
LG