Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tussag edilen gazak aktiwisti türmede açlyk çekýär


Asiýa Tulesowa

Geçen hepde prezident saýlawlarynyň adalatly geçirilmegine çagyrýan şygary galdyrandygy üçin 15 gün türme tussaglygyna höküm edilen gazak aktiwisti gözenegiň arkasynda açlyk çekýär diýip, onuň ejesi aýtdy.

Žanar Žandosowa 26-njy aprelde feýsbukda öz gyzy Asiýa Tulesowanyň 23-nji aprelden bäri açlyk çekýändigini we agyz beklemegini türmeden boşadylýança dowam etdirjekdigini aýtdy.

Tulesowa hem-de ýene bir aktiwist Beibarys Tolymbekow 21-nji aprelde tussag edildi we biraz soň, ýurduň iň uly şäheri Almatyda geçirilen marafon wagtynda syýasy şygary galdyrandyklary üçin 15 gün tussaglyga höküm edildi.

Aktiwistler ullakan plakata “Sen hakykatdan gaçyp gutulyp bilmersiň” diýip ýazylan şygary galdyrdylar we adalatly saýlawlara çagyrýan haştaglary görkezdiler.

Tulesowa we Tolymbekow ygtyýar berilmedik protest geçirmekde günäli tapyldy we şol günüň özünde tussaglyga höküm edildi.

Olaryň tussag edilişi dostlary, Suinbike Suleimenowa, Aidos Nurbolatow we Aigul Nurbolatowa tarapyndan wideoýazgy edildi. Olary munuň üçin tussag edip, jerime saldylar.

Bu waka prezident Nursoltan Nazarbaýewiň martda 30 ýyllyk baştutanlygyndan çekilmeginiň birnäçe hepde yzyndan boldy.

Nazarbaýew şindi hem dolandyryjy Nur Otan partiýasyna ýolbaşçylyk edýär we 23-nji aprelde geçiş prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi 9-njy iýuna bellenilen irki prezident saýlawlarynda partiýanyň kandidatlygyna hödürledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG