Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus gazetleri Golunowyň tussag edilmegini sorag astyna alyp beýanat ýaýratdylar


Derňewçi žurnalist Iwan Golunow
Derňewçi žurnalist Iwan Golunow

Russiýanyň öňdebaryjy üç gazeti özleriniň baş sahypasynda derňewçi žurnalist Iwan Golunowyň tussag edilmeginiň arkasynda duran mümkin sebäpleri sorag astyna alyp birmeňzeş beýanaty ýerleşdirdi.

Wedomosti, Kommersant we RBK neşirleriniň baş redaktorlarynyň bilelikdäki beýanaty gazetleriň 10-njy iýunda çykan sanynda çap edildi. Onda žurnalistiň tussag edilmeginiň sebäplerini derňemäge hem çagyryş edilýär.

“Biz Iwan Golunowyň günälidigi barada hödürlenen delilleriň ynam döretmeýändigine ynanýarys. Şeýle-de, onuň tussag edilmegi bilen baglylykdaky ýagdaýlaryň derňew çäreleri mahaly kanunyň bozulmandygy boýunça şübheleri döredýär” diýip, bilelikdäki beýanatda aýdylýar.

“Biz Golunowyň tussag edilmeginiň onuň professional işi bilen bagly bolandygy baradaky ähtimallygy hem aradan aýyrmaýarys” diýip, beýanatda bellenilýär.

Golunow Meduza habar guramasynyň ady belli derňewçi žurnalistidir. 6-njy iýunda ol neşe gaçakçylygy aýyplamalary esasynda ele salyndy. Tussag edilen pursady ýa-da ondan soň onuň bedenine şikesler ýetdi, şol sanda gapyrgasy döwüldi.

Gorag aklawçysy Pawel Çikow Golunowa ýeten şikesleriň derňelmegi boýunça ýurduň Derňew kommitetine resmi arzanyň ýollanandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG