Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýüzlerçe adamyň tussag edilmegi saýlawlara kölege saldy


Polisiýa prezidentlik saýlawlarynyň netijelerine garşy protest geçirýän oppozisiýa goldawçylaryny saklaýar. Akmaty ş, 10-njy iýun, 2019 ý

9-njy iýunda Gazagystanda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň deslapky resmi netijelerine görä, ýurduň ozalky awtoritar prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň seçen mirasdüşeri hem-de geçiş prezident Kasym-Žomart Tokaýew saýlawlarda ýeňiş gazandy.

Saýlawlarda ýüzlerçe adamyň tussag edilmegi oňa kölege saldy.

10-njy iýunda Gazagystanyň Merkezi saýlaw komiteti Tokaýewiň sesleriň 70.76 prosentini alandygyny mälim etdi.

Öňki žurnalist hem-de 2005-nji ýyldan bäri ilkinji oppozisiýa dalaşgäri Amiržan Kosanow örän uly aratapawut bilen, ýagny sesleriň 16.02 prosentini alyp saýlawlarda ikinji orny eýeledi.

10-njy iýunda Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyzystanyň prezidenti Sooranbaý Jeenbekow hem-de Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gazagystanyň täze wezipä saýlanan prezidenti Tokaýewi saýlawlarda gazanan ýeňşi bilen gutlady.

Ýöne Türkmenistanyň döwlet media we metbugat serişdeleriniň habarlaryndan mälim bolşuna görä, heniz türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tokaýewi gutlamady.

Şeýle-de, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar serişdeleri Gazagystanda geçirilýän prezidentlik saýlawlary hem-de ol ýerde ýurt boýunça geçirilýän hökümete garşy protestler barada asla habar bermeýär.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçylarynyň ýaýradan beýanatynda “saýlawlarda esasy hukuklaryň ünsden düşürilmegi, şol sanda asuda protestçileriň saklanmagy, saýlaw güni giň ýaýran düzgün bozmalar, demokratiki ölçeglere ýeterliksiz sylag görkezdi” diýildi.

“Ýedi dalaşgär, şol sanda ilkinji gezek bir aýal dalaşgär saýlawlara dalaş etse-de, bu saýlawlar hakyky demokratiýanyň pugtalanmagy üçin möhüm syýasy, sosial we kanunçylyk reformalaryna zerurlygyň bardygyny açyp görkezdi” diýip, ÝHHG-nyň gysga möhletli synçy missiýasynyň ýolbaşçysy we ýörite kordinatory Jorj Tsereteli (George Tsereteli) aýtdy.

9-njy iýunda energiýa serişdelerine baý Merkezi Aziýa ýurdunda geçirilen saýlawlarda hökümete garşy ýüzlerçe asuda protestçiniň tussag edilmegi ses berişliklere kölege saldy. Ýogsam, saýlawlara degişli ünsli gözgeçilik çäreleri görlüpdi.

Kosanow 9-njy iýunda özüniň Facebook sahypasynda ýaýradan beýanatynda hökümete garşy geçirilen ýörişleri “daşary ýurtlarda kafelerde oturyp, kofelerini içýän we gazak halkyny oda iterýän galp oppozisiýaçylaryň” goldawçylarynyň “hakyky syýasy prowakasiýasy” atlandyrdy.

10-njy iýunda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Kosanow Tokaýewiň ýeňşini ykrar edip, eger-de has “birleşen oppozisiýa” ýa-da “has tejribeli ulurak syýasy partiýa bolan bolsady” özüniň has köp ses gazanyp biljekdigini aýtdy.

Protest tolkunlary

Prezidentlik kampaniýalarynyň dowamynda saýlawlardaky adalatsyzlyklara garşy tutuş Gazagystan boýunça geçirilen protest tolkunlary saýlaw güni 9-njy iýunda-da dowam etdi. Polisiýa ýörişleri soňlandyrmak üçin dessine hereket geçdi.

Gazagystanyň iň uly şäheri bolan Almatynyň Astana skwerinde demonstrantçylaryň saýlawlary boýkot etmäge çagyrmagy bilen 100-den gowrak protestçi tussag edildi.

Ýaňy-ýakynda öňki prezidentiň ady dakylan paýtagt Nur-Sultandaky Ýaşlar köşgüniň golaýynda geçirilen hökümete garşy ýörişlere 500 töweregi adam gatnaşdy.

Nur-Sultanda 100 töweregi protestçi, şol bir wagtyň özünde birnäçe daşary ýurtly we ýerli žurnalist saklandy. Olaryň hatarynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň korrespondentleri Pýotr Trotsenko bilen Saniya Toiken hem saklandy we olar soňra boşadyldy.

Protestleriň ikinji güni 10-njy iýunda Almatynyň Köne skwerinde onlarça adam ýörişe gatnaşýar. Polisiýa we Milli gwardiýanyň ofiserleri skweriň hem-de golaýdaky parkyň töweregini gabawda saklaýar.

9-njy iýunda eden çykyşynda Gazagystanyň içeri işler ministriniň orunbasary Marat Kožaýew Almatyda we paýtagtda saklanan 500 töweregi protestçini “radikal pikirli elementler” atlandyrdy.

Nur-Sultanda we Almatyda saýlaw güni Internetiň tizligi juda haýallady. Bu Internetde göni ýaýlymlaryň öňüni baglady hem-de sosial media saýtlaryny yzarlamagy kynlaşdyrdy.

Düýbi Birleşen Şalykda ýerleşýän kiber giňişligi yzarlaýjy NetBlocks topary saýlaw güni irden Gazagystanda Internetiň örän professional hem-de çylşyrymly usul arkaly petiklenendigini habar berdi.

Tas 30 ýylyň dowamynda uzak wagtlap ýurdy dolandyran Nazarbaýew 19-njy martda wezipeden çekilende 66 ýaşly Tokaýewi mirasdüşer hökmünde seçdi.

Tokaýew prezidentlik wezipesine saýlanan halatynda Nazarbaýewiň şol bir syýasatyny dowam etdirjekdigini aýdyp jemgyýetçilikde çykyş etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG