Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Merkezi Banky we Rysgal PTB-y “QR kod” arkaly tiz töleg platformalaryny işe girizýär


Türkmenistanyň bankomatlarynyň birinde goýlan "Pul ýok" diýlen ýazgy. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy
Türkmenistanyň bankomatlarynyň birinde goýlan "Pul ýok" diýlen ýazgy. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy

Türkmenistanyň Merkezi Banky “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky bilen bilelikde Türkmenistanda “QR kod” arkaly tiz töleg ulgamlaryny işe girizmegiň üstünde işleýär.

Bu barada türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan turkmenportal.com neşiri Türkmenistanyň resmi metbugatyna salgylanyp habar berýär.

Hökümetçi neşir “QR kod” arkaly tiz töleg hyzmatlarynyň işe girizilmeginiň ýurduň bank ulgamyndaky hyzmatlaryň elýeterliligini kämilleşdirjekdigini, şeýle-de bu hyzmatyň işe girizilmeginiň banklary we kiçi telekçileri POS terminallaryny satyn almaga degişli çykdajylarydan halas etjekdigini aýdýar.

Şeýle-de, hökümetçi neşir agzalýan hyzmatyň işe girizilmeginiň Türkmenistanda sanly ykdysadyýete geçmekde möhüm ädim boljakdygyny aýdýar.

Türkmenistanyň döwlet metbugatynda “sanly ulgam”, “sanly ykdysadyýet” ýaly aňlatmalar soňky döwürde ýygy-ýygydan her gün diýen ýaly gaýtalanýar.

Türkmenistanyň döwlet media we metbugat serişdeleri yzly-yzyna sanly ulgamlary dabaralaýar.

Türkmen gazet-žurnallarynyň habarlaryndan çen tutsaň, ýurtda sanly ulgamlara geçilmegi bilen köp sanly meseleleriň aradan aýryljakdygy aýdylýar.

7-nji iýunda döwlet eýeçiligindäki “Türkmenistan” gazeti Türkmenistanda “Akylly (smart) tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň mallaryň baş sanyna gözegçiligi amala aşyrmaga we sürüleri netijeli dolandyrmaga” ýardam berjekdigini habar berdi.

Şeýle-de, makalada sanly ulgamlara geçilmeginiň Türkmenistanda “kärhanalaryň esasy iş ugrunyň awtomatlaşdyrylmagyna” ýardam berjekdigi aýdylýar.

Döwlet mediasy edara-kärhanalary awtomatlaşdyrmakdan gürrüň edýän wagty, ýurt raýatlarynyň ençemesi Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary bilen gürrüňdeşlikde ýurtda giň ýaýran işsizlikden şikaýat edýär.

“Türkmenistan” gazetiniň 8-nji iýunda çapdan çykan sanynda Ýaponiýanyň sanly tehnologiýalaryndan nusga almak barada, şeýle-de sürüjisiz awtobuslary hem-de sürüjisiz ulaglary işe girizmek barada gürrüň gozgalýar.

Ýöne ýurt içinde Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar ýurtda heniz sürüjili ulaglary kadaly düzgünleşdirmegiň wajyp ähmiýete eýedigini belleýärler.

Hökümetçi neşir “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky bilen Merkezi Bankyň hyzmatdaşlygynda durmuşa geçiriljek “QR kod” tiz töleg ulgamlarynyň üsti bilen ýurtda raýatlaryň hojalyk hyzmatlara degişli tölegleri hem geçirip biljekdigini habar berýär.

Rysgal bank özüniň resmi saýtynda ýerleştiren maglumatynda “ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy, tok, suw, gaz, düýpli abatlaýyş, telefon, internet, jerimeler, salgytlar we beýlekiler” bilen bagly tölegleriň “QR kod” arkaly eýýäm ýola goýlandygyny aýdýar.

Mundan ozal, şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň “Rysgal” täjirçilik bankynyň “MasterCard” halkara töleg ulgamyna agzalyga taýýarlanýandygy barada habar berlipdi.

Şol bir wagtyň özünde ýerli ýaşaýjylar ýurtda ýola goýulýan käbir onlaýn töleg hyzmatlarynyň kadaly işlemeýändiginden hem şikaýat edýär.

Döwlet metbugatyna görä, 1-nji iýundan başlap “Türkmendemirýollary” agentligi ýolagçylar üçin online bilet satyn almak hyzmatyny ýola goýdy.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysy 7-nji iýunda ýetiren maglumatynda ýerli ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanyp, bu ulgamyň kadaly işlemeýändigini habar berdi.

Geçen ýyl Türkmenistanda “2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG