Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ylmy-barlag işlerini alyp barar


Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň binasy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň binasy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy 2020-nji ýyldan başlap, ýurduň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ylmy-barlag işlerini alyp barar.

12-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Resmi metbugata görä, täze karar Türkmenistanyň ylmy kuwwatyny ösdürmegi, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy hem-de önümçilikde ylmyň gazananlaryndan peýdalanylmagyny maksat edinýär.

Täze karara laýyklykda, Türkmenistanda alnyp barylmaly ylmy-barlag işleriniň meýilnamasyny düzmek hem-de ony Ministler Kabinetiniň başlygynyň orunbasaryna tassyklatmak Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna tabşyryldy.

XS
SM
MD
LG