Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ýene-de möhüm regional sammite gatnaşmady


Aziýada arkalaşygy we ynamy döretmek çäreleri Konferensiýasyna gelenleriň arasynda türkmen prezidenti ýok. Duşenbe. 15-nji iýun, 2019 ý.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm regional sammitleriň ýene birine gatnaşmady.

15-nji iýunda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede Aziýada arkalaşygy we ynamy döretmek çäreleri Konferensiýasy geçirilip, oňa dokuz ýurduň, şol sanda Russiýanyň, Hytaýyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň we Özbegistanyň dagy liderleri geldiler.

27 agzalyk foruma başga-da 18, şol sanda Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Müsüriň, Ysraýylyň, Pars aýlagynyň arap döwletleriniň we beýleki ýurtlaryň hökümet baştutanlary, wise-premýerleri we daşary işler ministrleri wekilçilik etdiler.

Sammite ABŞ, Ukraina, Belarus, Ýaponiýa, BMG, ÝHHG gözegçi hökmünde gatnaşdylar.

Maslahata prezident Berdimuhamedow gelmedi. Mundan bir öň geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda-da daşary işler ministri R.Meredow hasabat bereninde, bu sammite Türkmenistandan wekilleriň ugradylyp-ugradylmandygy barada hiç zat aýtmady.

Türkmenistan Aziýada arkalaşygy we ynamy döretmek çäreleri Konferensiýasyna agza bolmasa-da, sammitiň dowamynda möhüm regional, şol sanda Eýran, Owganystandaky howpsuzlyk ýaly meselelerine hem garaldy.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani sammitde çykyş edýär. 15-nji iýun
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani sammitde çykyş edýär. 15-nji iýun

Sammitiň barşynda Eýranyň prezidenti Hassan Rohani öz ýurdunyň 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygy bilen baglylykda Tähranyň “öz üstüne alan käbir borçnamalaryndan çekilmek kararyna gelendigini” aýtdy.

Rus prezidenti Wladimir Putin çykyşynda forumyň agzalaryny Koreýa ýarymadasyndaky “dartgynlylyklary gowşatmak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirmäge” we “Demirgazyk-Gündogar Aziýadaky howpsuzlygy kepillendirmäge” çagyrdy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halkara we regional arenada bolup geçýän beýleki soňky möhüm wakalarda-da kän görünmeýär. Ol 25 – 27-nji aprel aralygynda Hytaýyň paýtagty Pekinde geçirilen “Bir guşak, bir ýol” forumyna-da; geçen sentýabrda Duşenbede gurnalan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň baştutanlarynyň sammitine-de gatnaşmandy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG