Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ýakyn Gündogardaky güýçlerini artdyrýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo)
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo)

ABŞ Eýran bilen konflikti islemeýändigini, şeýle-de özüniň Ýakyn Gündogardaky harby güýçlerini artdyrmak çäreleriniň Birleşen Ştatlaryň regiondaky bähbitlerini goramaga we Eýranyň “aggressiýasyny” gowşatmaga gönükdirilendigini aýdýar.

Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň (Mike Pompeo) bu baradaky çykyşy Waşington bilen Eýranyň arasynda harby çaknyşygyň turmak ähtimallygy baradaky aladalaryň fonuna gabat geldi.

Mundan öň, Pentagon Eýran güýçleriniň “duşmançylykly hereketlerine” jogap edip, sebite goşmaça müň esgerini ýollaýandygyny mälim edipdi.

Geçen aý hem ABŞ regiona goşmaça 1 müň 500 esgerini ugradypdy.

Hytaý ähli taraplara ýüzlenip, “Pandoranyň gutusyny açmazlyga”, şeýle-de Waşingtony “basyş çärelerini” gowşatmaga çagyrdy.

Russiýa hem taraplary asudalyga çagyrdy. Moskwa ABŞ-nyň hereketlerini “öjükdiriji” diýip atlandyrdy.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani öz ýurdunyň “hiç bir döwlet bilen uruş başlatmajakdygyny” we 2015-nji ýylda dünýäniň iri döwletleri bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyna “ygrarly” bolup galýandygyny aýtdy.

Ýakynda Oman aýlagynda nebit tankerlerine edilen hüjümler Waşington bilen Tähranyň gatnaşyklaryny has-da ýitileşdirdi. ABŞ hüjümleriň arkasynda Eýranyň durandygyny aýdýar. Tähran bulary ret edýär.

XS
SM
MD
LG