Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada Türkmenistanyň 18 tonna pomidory ýok edildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Russiýanyň Samara regionynda Türkmenistandan getirilen 18 tonnalyk pomidor ýok edildi diýip, Russiýanyň “Rosselhoznadzor” döwlet edarasynyň ýerli bölümi habar berýär.

19-njy iýunda bu edaranyň Samara regiony boýunça bölüminiň websaýtynda çap edilen magalumatda Türkmenistandan Russiýa awtomobil ýoly arkaly getirilen azyk harytlarynda karantina fitosanitariýa barlaglarynyň geçirilmegi netijesinde çynlakaý düzgün bozmalaryň üsti açyldy diýilýär.

“Ýük maşynynda zerur resminamalary bolmadyk 18 tonna pomidor getirildi. Gözegçiler [bu getirilen harytlarda] Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň gümrük territoriýalarynda karantina fitosanitariýa barlaglaryny berjaý etmek baradaky №318 belgiliDüzgünnamanyň we Halkara standartlarynyň №12 belgili fitosanitariýa çäresiniň talaplarynyň ýerine ýetirilmändigini anykladylar” diýlip, habarda aýdylýar.

Maglumat üçin aýtsak, fitosanitariýa –ösümlikler üçin zyýanly organizmleriň ýaýramagy we köpelmegi bilen bagly ýüze çykýan töwekgelçiliklerden goranmaga gönükdirilen ylmy esasly çäreleriň tejribede ulanylmagydyr.

“Rosselhoznadzor” döwlet edarasynyň Samara regiony boýunça bölüminiň geçiren barlaglarynyň netijesinde harydyň fitorsanitariýa şahadatnamasynyň hakyky däldigi anyklandy. Şeýle-de, “Rosselhoznadzor” döwlet edarasynyň resmileri tarapyndan Türkmenistandan getirilen 18 tonnalyk pomidoryň Russiýa goýberilmegi gadagan edildi.

“Harytlaryň eýesi bu önümleri yzyna alyp gidesi gelmedi. Ol bu harydy ýok etmek kararyna geldi. Harydyň eýesiniň we “Rosselhoznadzor” döwlet edarasynyň Samara regiony boýunça resmileriniň gatnaşmagynda bu haryt “Wodina” sebitindäki zibilhanada ýok edildi” diýlip, habarda bellenilýär.

Azatlyk Radiosynyň bu barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginden telefon arkaly habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi.

Belläp geçsek, bu soňky bir hepde çemesi wagtyň dowamynda Türkmenistanyň Russiýa eksport eden pomidorynyň karantina degişli edilip, oňa garşy gadaganlygyň girizilmegi bilen bagly ýüze çykan ikinji habardyr.

11-nji iýunda “Rosselhoznadzoryň” resmi websaýtynda bu edaranyň Moskwa, Moskowskiý we Tulskiý regionlary boýunça bölümleri Türkmenistandan getirilen 18,5 tonnalyk pomidory hil barlagyndan geçirende, karantina degişli maddanyň üstüniň açylandygy mälim edildi.

7-nji iýunda geçirilen barlaglaryň netijesinde türkmen pomidoryndan çykan bu maddanyň Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň territoriýasynda bolmadyk “Tuta absoluta (Powolny)” atlandyrylýan, “günorta amerikan pomidor güýesidigi” anyklandy. Bu Russiýanyň ösümlikleriň karantinasy boýunça baş edarasynyň spesialistleri tarapyndan geçirilen laboratoriýa barlaglary esasynda tassyklandy diýlip, habarda aýdylýar.

Maglumat üçin aýtsak, “günorta amerikan pomidor güýesi” – açyk we ýapyk meýdanda pomidor ekinini zaýalaýan we ýok edýän, karantina degişli howply, zyýanly mör-möjekdir.

Türkmenistanyň Russiýa eksport eden pomidorlaryndan zyýanly mör-möjegiň tapylmagy bilen bagly şu ýylyň martynda hem habar berildi.

20-nji martda Russiýanyň “Rosselhoznadzor” edarasynyň Orenburg regionyndaky şahamçasynyň geçiren barlaglary netijesinde Türkmenistandan getirilen 18 tonnalyk pomidordan latynça ady “bemisia tabaci” atlandyrylýan, akganatly zyýanly mör-möjek tapyldy.

Türkmen hökümeti importyň ornuny tutýan harytlar öndürmek, eksporty artdyrmak boýunça yzygiderli çykyş edip, ýurtda dürli programmalaryň alnyp barylýandygyny mälim edýär. Bu programmalaryň çäginde ýurduň dürli künjeginde ýyladyşhanalar gurulýar.

Şeýle ýyladyşhananyň iň soňkularynyň biriniň 17-nji maýda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gozgan geňeşliginiň çäginde açylandygyny, Türkmen döwlet habarlar agentligi habar berdi.

“Umumy meýdany 5 gektara barabar bolan täze ýyladyşhana toplumynyň esasy önümi ýokary hasyllylygy hem-de uzak möhlete durumly bolan dürli görnüşli pomidordyr. Bu ýerde her möwsümde ýokary hilli önümiň 1000 tonnasyny almak maksat edinilýär” diýlip, habarda aýdyldy.

Türkmen media serişdeleri ýurtda öndürilýän gök-bakja önümleri baradaky habarlary yzygiderli halk köpçüligine ýetirse-de, Russiýa eksport edilen türkmen pomidorlarynda tapylan zyýanly mör-möjekler barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG