Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulyň häkimi wezipesine oppozision dalaşgär saýlandy


Respublikan halk partiýasynyň (CHP) syýasatçysy Ekrem Imamoglu
Respublikan halk partiýasynyň (CHP) syýasatçysy Ekrem Imamoglu

Türkiýäniň häkimiýet başyndaky "Adalat we galkynyş" partiýasy (AK) Stambula gözegçiligini elden berdi. Bu Stambulyň häkimi wezipesine gaýtalanyp geçirilen saýlawlaryň netijeleriniň yglan edilmeginden soň belli boldy.

Respublikan halk partiýasynyň (CHP) dünýewi garaýyşly syýasatçysy Ekrem Imamoglu 23-nji iýunda geçirilen saýlawlarda sesleriň 54% eýe boldy diýip, media serişdelerinde habar berildi.

Häkimiýet başyndaky partiýanyň dalaşgäri öňki premýer-ministr Binali Ýildirim yza çekildi.

Bu saýlawlaryň netijeleri öz syýasy karýerasynyň ösüşini Stambulyň häkimi wezipesinden başlan prezident Rejep Taýyp Erdogan üçin yza gaýdyş hökmünde kabul edildi.

49 ýaşly Ekrem Imamoglu Stambul üçin "täze başlangyjy" wada berdi we ses berişligiň gutarnykly netijeleriniň yglan edilmeginden soň Erdogan bilen işleşmäge isleg bildirdi.

XS
SM
MD
LG