Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan howpsuzlyk resmisiniň Aşgabada eden saparynda howpsuzlyk maslahat edildimi?


Türkmen-owgan serhedi
Türkmen-owgan serhedi

22-nji iýunda Owganystanyň Milli howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi Hamdullah Mohibiň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdy.

Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda habar berilýär.

Maglumatdan mälim bolşuna görä, owgan wekiliýeti 22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary hem-de daşary işler ministri Reşit Meredow bilen duşuşyk geçirdi.

Resmi maglumatda duşuşygyň dowamynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşyklarynyň maslahat edilendigi habar berilýär.

Ýöne Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatynda duşuşygyň dowamynda howpsuzlyk meseleleriniň maslahat edilip edilmändigi jikme-jik agzalmaýar.

Owganystanyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň resmi Twitter hasabynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistana sapar eden owgan milli howpsuzlyk geňeşçisi Hamdullah Mohib şenbe güni Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary we milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýew bilen hem duşuşyk geçiripdir.

Ýöne bu duşuşyk barada Türkmenistanyň resmi media we metbugat serişdeleri habar bermedi.

Owganystanyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň resmi sosial media maglumatyna görä, taraplaryň ýokary derejeli howpsuzlyk ýolbaşçylarynyň geçiren duşuşygynda regional ykdysady proýektleriň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin Bilelikdäki topary döretmegiň hem-de iki ýurduň arasynda söwda we işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Owgan howpsuzlyk resmileriniň Türkmenistana eden sapary Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşir Meredowyň baştutanlygynda türkmen wekiliýetiniň 16 – 17-nji iýunda Owganystanyň Hyrat şäherine sapar edip, owgan delegasiýasy bilen duşuşyk geçirmeginden 4 gün soň amala aşyryldy.

Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, Hyratda taraplar elektroenergetika we demir ýol ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny maslahat edipdir.

Iki ýurduň ýokary derejeli resmileriniň arasyndaky ýygjamlaşýan duşuşyklar 8-nji iýunda türkmen parlamentiniň Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany tassyklamagynyň yzýanyna gabat gelýär.

Ýatlasak, Owganystanyň prezidenti Aşraf Ganiniň 21-nji fewralda Aşgabada amala aşyran resmi saparynda taraplar iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlyk boýunça Şertnama gol çekipdi.

Türkmenistan Owganystany hem öz içine alýan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini durmuşa geçirmek arkaly energiýa ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýär.

Ýöne halkara syýasy synçylaryň we energiýa bilermenleriniň nygtamagyna görä, Owganystanyň howpsuzlyk şertleri hem-de taslama zerur bolan maliýe serişdeleriniň üpjünçiligi ýaly meseleler bu transmilli taslamany bökdäp gelýär.

Galyberse-de, iki ýurduň howpsuzlyk resmileriniň arasyndaky duşuşyklar bir aý töweregi mundan ozal, 21-nji maýda ýokary derejeli rus howpsuzlyk resmisiniň Owganystanyň demirgazyk sebitleriniň howpsuzlyk şertlerine alada bildirmeginiň yzýanyna gabat gelýär.

21-nji maýda Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) başlygy Aleksandr Bortnikow Täjigistana eden saparyndan soň, Owganystanyň post-sowet Merkezi Aziýa ýurtlary bilen serhetleşýän demirgazyk çäklerinde YD-yň şahamçasyna degişli 5 müň töweregi söweşijiniň ýygnanandygyny aýdyp, serhet howpsuzlygynyň güýçlendirilmegine çagyryş edipdi.

Munuň yzýany Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugy Owganystanyň Goranmak ministrliginiň resmileriniň “Yslam döwleti” ekstremist toparyna agza jeňçileriň anyk sanyny tassyklamaýandyklaryny habar berdi.

“Owganystanyň Goranmak ministrligi ýurduň dürli künjeklerinde YD söweşijileriniň bardygy barada özlerinde maglumatyň bardygyny aýdýar, ýöne olaryň anyk sanyny tassyklamaýar” diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugy 24-nji maýda habar berdi.

Rus metbugaty geçen ýylyň noýabr aýynda-da GDA ýurtlarynyň howpsuzlyk resmileriniň Gyrgyzystanyň Tokmok şäherinde geçirilen duşuşygyna salgylanyp, türkmen-owgan serhediniň howpsuzlyk şertlerini ýaramazlaşdyryjy wehimler barada habar beripdi.

Şonda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu maglumaty ret edip, 16-njy noýabrda ýörite beýanat ýaýratdy we türkmen-owgan serhediniň howpsuzlygynyň kadalydygyny aýtdy.

Galyberse-de, Owganystanyň ýokary wezipeli howpsuzlyk resmisi Mohibiň Türkmenistana eden sapary prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 13-nji iýunda ýurduň ýaragly güýçleriň düzümlerini gijäň ýary oýaryp, olaryň söweşjeň taýýarlygyny duýdansyz barlamagynyň yzýanyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG