Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň ok-ýarag ammarynda bolan partlamalaryň sebäbi derňelýär


Partlama görnüşleri

Gazagystanyň prezidenti Arys şäherindäki ok-ýarag ammarynda bolan we iki adamy öldüren, onlarça adamy ýaralan partlamalar sebäpli jenaýat işiniň açylandygyny aýdýar.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew 24-nji iýunda Içeri we Goranmak ministrliklerine mundan beýläk beýle partlamalara ýol bermezligi buýurdy we günäkärleriň kanun esasynda jogapkärçilige çekiljekdigini aýtdy.

Gazagystanyň premýer-ministri Askar Mamin 24-nji iýunda Arysdaky harby ammarda bolan uly partlamalar netijesinde iki adamyň, ýerli ýaşaýjynyň we bir harby ofiseriň ölendigini aýtdy.

Goranmak ministri Nurlan Ermekbaýew Türküstan regionyndaky ok-ýarag ammarynda 24-nji iýun güni irden dörän ýangynyň partlamalara sebäp bolandygyny aýtdy. Ol ýangynyň sebäbiniň belli däldigini hem sözüne goşdy.

Häkimiýetler tutuş regionda adatdan daşary ýagdaý düzgünini yglan etdiler we Arys şäheriniň 45 müň adamly ilatynyň ählisini ewakuasiýa etmegi buýurdylar.

Goranmak ministriNurlan Ermekbaýew 24-nji iýunda partlamalaryň birnäçe gün dowam etmeginiň ahmaldygyny aýtdy.

Ýaraly bolan onlarça adam regionyň paýtagty Şymkentdäki we beýleki şäherlerdäki hassahanalara ýerleşdirildi.

Tokýaew 24-nji iýunda giçlik wakanyň bolan ýerine baryp,ýaşaýjylaryň käbiri, şol sanda partlamalardan ýaraly bolanlaryň birnäçe bilen duşuşdy.
Ol hökümetiň şäheri dikeltjekdigini we zyýan çekenlere kompensasiýa berjekdigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG