Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Orsýet bilen ABŞ-nyň ýaraglara kontrollyk gepleşiklerini dikeldýändigini aýdýar


Prezident Wladimir Putin öz amerikan kärdeşi Donald Tramp bilen, Osaka, 28-nji iýun, 2019 ý.
Prezident Wladimir Putin öz amerikan kärdeşi Donald Tramp bilen, Osaka, 28-nji iýun, 2019 ý.

Rus prezidenti Wladimir Putin öz amerikan kärdeşi Donald Tramp bilen özleriniň daşary işler ministrlerine ýadro ýaraglaryna kontrollyk baradaky konsultasiýalara başlamak barada buýruk berendiklerini aýtdy.

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde, 29-njy iýunda G20 summitinden soň çykyp gürlän Putin “Biz entek munuň Täze START şertnamasynyň uzaldylmagyna alyp geljegini aýdyp bilmeýäris” diýip, 2010-njy ýylda baglaşylan we, iki ýurt uzaltmak şertnamasyny baglaşmasa, möhleti 2021-nji ýylda tamam bolýan ýaraglara kontrollyk ylalaşygyny nazara alyp aýtdy.

Tramp hem şol gün aýratynlykda žurnalistler bilen gürleşende, Putin bilen geçiren gepleşiklerini agzap, “Biz ýaraglara kontrollyk hakynda kän gürrüň etdik” diýdi.

Ak tamyň iki lideriň duşuşygyndan soň çap eden beýanatyna laýyklykda, Tramp we Putin şertnama meselesini maslahatlaşdy.

"Prezidentler 21-nji asyryň ýaraglara kontrollyk modeli hakynda iki ýurduň geçirýän maslahatlaryny dowam etdirmek barada ylalaşdylar, prezident Tramp bu geňeşe Hytaýyň hem goşulmagynyň gerekdigini belledi” diýip, beýanatda aýdylýar.

Putin 27-nji iýunda “Financial Times” neşirinde çap edilen söhbetdeşliginde Orsýetiň Birleşen Ştatlar tarapyndan Täze START şertnamasynyň möhletini uzaltmaga hiç bir gyzyklanma görmändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG