Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýadan gelen gelin «halyfata» gidenine gynanýar


Gazagystanyň Siriýadan çykarylan raýaty Zarina.
Gazagystanyň Siriýadan çykarylan raýaty Zarina.

«Žusan-2» ýörite operasiýasy arkaly Siriýadan getirilen gazagystanly ýaş maşgala Ýakyn Gündogarda geçiren alty ýylyny unudyp, dogduk topragynda täze durmuşa başlamak isleýär. Iki çaganyň enesi, onuň kiçisi iki ýaşyny doldurýar, öz öýlerinde şatlyk bilen garşylandyklaryny aýdýar.

Zarina (ady üýtgedildi —​ d.) indi üçünji hepde dogduk şäheriniň köçelerine çykyp, çagalary bilen gezelenç edip, geçmişi unutmaga çalyşýar. Uly söwda merkezleriniň çykalgasynda goýlan barlag tilsimaty käte ses edip, onuň teninde galan demir gyçagy ýatladýar. Top okunyň partlamasyndan, onuň teninde demir gyçak galypdy.

Gazagystanyň paýtagtyndan uzakdaky sebitde ýaşaýan Zarina 17 ýaşyndan namaz okap başlady. Hossarlary hristian prawoslawlary bolsalar-da, muňa «onuň saýlan ýoly» diýdiler. Soňlugy bilen adamsy boljak ýigit bilen internetiň üstünden tanyşdy. Soň ol “Yslam döwleti” toparynyň ekstremistleriniň hataryna goşuldy.

— Internetiň üsti bilen tanşyp durmuş gurduk. Ol ýewropaly, menden 21 ýaş uly. Meni Türkiýä çagyryp, bar harjymy töledi. Stambulda duşuşdyk. Türkiýede bir aý, belki, köpräk ýaşap, soňra Siriýa gitdik. Ol ir ertir gidip, agşam gaýdyp gelýärdi. Men öýde oturdym, öý-hojalyk işlerini etdim hem çagalaryma seretdim. Adamym bolsa biz «halyfaty» gursak, has oňat bolar diýýärdi – diýip, Zarina gürrüň berýär.

Zarinanyň sözüne görä, adamsy iýjek-içjeklerini hem hojalykda ulanylýan himiki serişdeleri getirip durupdyr, her aýda hem 150$ beripdir.

— Munuň özi köp puldy, ol ýerde bar zat aşa arzandy. Soňy bilen bahalar gymmatlap, bir kilo et biziň pulumyzda 19 müň tenge boldy – diýip, ol ýatlaýar.

Ol özüniň Siriýadaky durmuşyny iki bölege bölýär, 2013-2016-njy ýyllarda «hiç bir aladasyz» ýaşapdyr, soňra kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr. Zarina adamsy bilen «onuň gulluk işleri sebäpli» ondan-oňa göçüpdirler. Ilki Rakkada ýaşapdyrlar, soňra Abu-Kamale, soň Şaafa diýlen oba, Sussa, ahyrynda Siriýanyň günorta-gündogaryndaky Baguza barypdyrlar.

— Soňky wagtda biz Baguzda ýaşadyk. Ol ýeri serhede golaý hem daglyk. Adamymyň aýtmagyna görä, ondan aňyrda Yrak bolmaly. Ikinji çagamyz dünýä inensoň, howpsuzlygy alada edip başladym, yzyma gidesim gelýär diýdim. Howla düşen top okundan, men ýaraly boldum. Gyçaklar egnimde hem kellämde galdy, ýöne süňki döwüp bilmedi. Olar entegem meniň tenimde, olary kesip aýyrmak gerek. Adamym gowudy, öýe bar zady getirýärdi, alada galýardy. Ýöne yzyma gaýtjagymy aýdanymdan soň gaharjaň boldy. «Çyda, bar zat kadaly bolar» diýýärdi. Men onuň pikirine-de, maksadyna-da düşünmedim. Muny onuň özem bilmän, diňe wagty yza çekýärdi – diýip, Zarina aýdýar.

“YD” toparyna goşulmak üçin, Siriýa giden ilkinji gazagystanlylar barada Azatlygyň gazak gullugy ilkinji gezek 2013-nji ýylyň oktýabrynda habar beripdi.

«Halyfaty döretmegi maksat edinýän» ol topar sosial ulgamda kämillik ýaşyna ýetmedik, gazak dilinde gürleýän eli ýaragly çagalaryň wideoýazgylary ýaýradyp başlady.

2013-nji ýylyň tomsunda ol söweşijiler öz maksadyny goldamaýanlardan ýowuz öç alyp başladylar. 2017-nji ýylyň güýzünde ABŞ hem onuň ýaranlary “YD” söweşijilerini gysyp başladylar, olar Siriýada hem Yrakda eýelän ýerleriniň ep-esli bölegini elden giderdiler. Söweşijiler serhede gysylyp başlanynda, olaryň maşgalalary bolan müňlerçe aýallar hem çagalar iki oduň arasynda galdy.

Zarina bu ýerden çykmak barada ärini yryp bilmändigini aýdýar. 2019-njy ýylyň fewralynda ABŞ hem “YD” arasynda wagtlaýyn ylalaşyk boldy. Şonda kürt gozgalaňçylarynyň ýardamy bilen ol çagalaryny alyp, bosgunlar lagerine gaçypdyr. Şol wagtda onuň adamsy öňküsi ýaly «işde eken».

— Daňdan örledim, öz çagalarymy aldym. Olara bulamak taýýarlap beremsoň, ýola düşdük. Biziň goňşularymyzda ýetimler bardy, çeçen çagalary. Olara seredýän aýal bize seretdi-de, galmakçy boldy. «Getir, olary men äkideýin» diýip, ol iki çagany hem aldym. Biz süri bolup, bir ugra ugradyk. Ol ýerde kürtler ýük maşynlarynda garaşyp duran eken. Bir gije-gündiz ýolda bolduk, gije salkyn, gündiz bolsa yssy, biziň bäşimize bir ýapynja bardy. Gutuldyk. Bizden soňky gaýdanlar gije tupanda galyp, täze doglanlar ölüpdirler – diýip, Zarina gürrüň berýär.

Mosulyň günortasyndaky söweşijileriň maşgalalary çaklanýanlaryň ýerleşdirilen lageri. 2017-nji ýylyň 19-njy iýuly.
Mosulyň günortasyndaky söweşijileriň maşgalalary çaklanýanlaryň ýerleşdirilen lageri. 2017-nji ýylyň 19-njy iýuly.

ABŞ-yň harbylarynyň kontrollygyndaky «al-Hol» bosgunlar lagerine gelensoň, Zarina ýetim çagalary çeçenlere tabşyryp, 10 ýaşly gazagystanly oglany hossarlyga alýar. Ýaragly çaknyşyklar mahalynda hossarlaryny ýitiren Hasan Zarina bilen bosgunlar lagerinde bolýar hem Gazagystana gelensoň reabilitasiýa lagerini geçýär. Maý aýynyň ahyrynda Hasany hossarlaryna beripdirler, ýöne ol entegem Zarina bilen gatnaşyk saklaýar.

Zarinanyň bosgunlar lagerinde bolan döwrüni ýatlasy gelenok.

— Kürtler çakdan çykdylar. Diňe amerikanlar gelensoň, ol ýer gowulaşdy. Olar bize seretdiler hem nahar berdiler – diýip, Zarina aýdýar.

— lagerde gazak aýallary maňa Gazagystanyň öz raýatlaryny yzyna alýandygyny aýtdylar. Men Gazagystana gaýtmaga gorkdum, türmä basarlar öýtdüm. «Žusan» operasiýasy barada wideo gördüm, soň gyzyklanyp başladym, kakam aragatnaşyga çykdy. Kakam: «Gel, ýurt howpsuzlygy wada edip, günäleri geçýär» diýdi. Ýurdy taşlanyma gynanýan. Bizi şeýle garşylanlaryna minnetdar. Atanyň çagasyny garşylaýşy ýaly kabul etdiler. Geýindirdiler, iýdirdiler, psihologiki ýardam berdiler – diýip, Zarina aýdýar.

Siriýadan Gazagystana getirilenler. Maý, 2019.
Siriýadan Gazagystana getirilenler. Maý, 2019.

9-njy maýda «Žusan» operasiýasynyň netijesinde, Zarina hem beýlekileri Ýakyn Gündogardan reabilitasiýa merkezi bolan Aktau şäherine getirdiler. 28-nji maýda olar dogduk mekanyna dolandylar. Häzir ol hossarlary bilen ýaşaýar. Olaryň Zarinadan uly hem kiçi ýene iki perzentleri bar. Adamsynyň hossarlarynyň aýtmagyna görä, olary bosgunlar lagerine alanlaryndan soň, ol agyr ýaralanyp, Baguzda ýogalypdyr. Bu ýaş maşgalanyň hossarlary öz gyzlarynyň Siriýa – gazaply söweşiň barýan ýerine gidendigini ýatmazlyga çalyşýarlar hem bu barada hiç kime zat aýtmaýarlar.

Zarina häzir 24 ýaşynda, ýaş aýalyň hiç bir hünäri ýa bilim derejesi ýok, häzirlikçe belli plany-da ýok, diňe Siriýada doglan ogullarynyň dokumentlerini düzetmegiň aladasynda. Özüni ýyly mähir bilen garşy alandyklary üçin, hossarlaryndan örän minnetdar. Onuň sözüne görä, olar «yslam dinine bolan garaýşyny-da» üýtgetmändirler, Zarina öňküsi ýaly namaz okaýar hem hijab atynýar.

«Žusanyň» üç operasiýasynyň dowamynda, Gazagystan resmi maglumata görä, Ýakyn Gündogardan 516 adamy getiripdir, olardan 360 sanysy çaga. Gelen ulularyň birnäçesiniň garşysyna esasan «terrorizmi propagandirlemekde» hem «duşmançylygy öjükdirmekde» jenaýat işi gozgaldy.

Žanargul ŽURSIN.

Redaksiýadan: AÝ/AR-nyň Gazak gullugynyň «Şahsy pikir» rubrikasynda berilýän material Azatlygyň garaýşyny aňlatman biler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG