Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanyň sudy oppozision deputatyň girewini saklaýar, anti-hökümet protestler dowam edýär


Nika Melia
Nika Melia

Gürjüstanyň şikaýat sudy oppozisiýadaky kanun çykaryjy, geçen aýda paýtagtdaky anti-hökümet protestleri mahalynda bidüzgünçilige çagyrmakda aýyplanýan Nika Melia üçin girewi güýjünde galdyrdy.

Tbilisiniň Şikaýat sudy 2-nji iýulda, demonstrasiýaçylar parlament binasynyň daşynda 12-nji gije toplanyp, içeri işler ministriniň işden çekilmegini talap edenlerinden soňra karar çykardy.

Prokurorlar Melianyň suda çenli girew astynda boşadylmagyna garşy dursalar, onuň aklawçylary öz müşderilerine garşy ähli aýyplamanyň ýatyrylmagyny talap etdiler.

Oppozisiýadaky kanun çykaryjy Melia ozalky prezident Mihail Sakaşwiliniň Birleşen milli hereket partiýasynyň başlygy bolup, özüne garşy bildirilen aýyplamalaryň hiç bir heňe gelmeýändigini aýtdy.

Parlament 26-njy iýunda Meliany öz jogapkärçilige çekilmezlik hukugyndan mahrum etmegi sese goýdy. Bu ses berişlik oppozisiýadaky partiýalar tarapyndan boýkot edildi, olar kanun çykaryjynyň jogapkärçilige çekilmegini “syýasy ýanama” hökmünde ýazgaryp çykyş etdiler.

XS
SM
MD
LG