Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow täze gurluşyklar bilen tanyşýan mahalynda, paýtagtlylar nobatdaky jaý ýykyşlygyna taýýarlanýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň (TDH) websaýtyndan alnan surat
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň (TDH) websaýtyndan alnan surat

Aşgabadyň häkimiýetleri hususy eýeçilikdäki ýaşaýyş jaýlarynyň ýene ençemesini ýykmagy planlaşdyrýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary habar berýär.

“Aşgabadyň aeroportunyň golaýyndaky etrapçalaryň ýaşaýjylaryna ýene bir aýdan jaýlarynyň ýykyljakdygyny duýdurypdyrlar. Ýaşaýjylara bu barada 20-nji iýundan duýduryş berip başlapdyrlar. Bu ýerde onlarça ýaşaýyş jaýynyň ýykylmagyna garaşylýar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy bu ýerde ýaşaýan ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bu jaýlar Atamyrat Nyýazow şaýolunyň Ýaşyl Tug, A.Amanow we 2013 köçeleri bilen aralygynda ýerleşýär. Şeýle-de, Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda ýerleşýän 21-nji orta mekdebiň golaýyndaky jaýlaryň hem ýumrulmagyna garaşylýar.

Habarçy Aşgabadyň häkimiýetleri tarapyndan ýykyljak hususy ýaşaýyş jaýlarynyň eýelerine başga ýerlerden kwartiralaryň beriljekdigi barada wada berilendigini, ýöne onuň nähili esasda beriljekdiginiň aýdyň bolman galýandygyny hem belledi.

“Kompensasiýa meselesi heniz nämälim bolup galýar. Sebäbi täze kwartira beriljek diýilse-de, olaryň beriljekdigi barada ýaşaýjylara häzirlikçe resminama berilmändir. Häkimligiň işgärleri ýaşaýjylara bolsa, wagtlaýyn dogan-garyndaşlarynyň ýanyna göçmegi maslahat beripdirler” diýip, habarçy belledi.

Aýdylmagyna görä, ýaşaýjylar näme boljagyny bilmeýärler we alaçsyz garaşýarlar. Şol bir wagtda, adamlar beriljekdigi aýdylýan jaýdan hem mahrum bolaýmaýyn diýip, öz nägileligini bildirmekden saklanýarlar.

Bu habary Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň ýene biri hem tassyklap, Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň resmileriniň bu sebitdäki raýatlara ýykyljak jaýlarynyň resminamalaryny taýýarlamagy tabşyrandygyny aýtdy.

“Jaýynyň resminamasy düzüw bolan ýaşaýjylara kwartira beriljekdigi wada berlipdir” diýip, anonim şertde maglumat beren habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtyň Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda ýykyljak jaýlar, onuň sebäpleri, şeýle-de bu ýerde gelejekde täze jaýlaryň ýa-da desgalaryň guruljakdygy ýa-da gurulmajakdygy bilen gyzyklanyp, Aşgabat şäher häkimliginden we Bagtyýarlyk etrap häkimliginden telefon arkaly kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarynyň nobatdaky ýykyşlygynyň boljakdygy baradaky maglumatlar Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtyň beýleki bir sebitindäki giň möçberli şähergurluşyk taslamasy bilen tanyşan mahalyna gabat geldi.

2-nji iýunda Berdimuhamedow paýtagt boýunça iş saparyny amala aşyryp, “Buig Batiman Internasional” kompaniýasynyň wekili Alekseý Reşow bilen bu fransuz potratçysynyň şäheriň günorta böleginde bina edýän desgalaryny gözden geçirdi.

Täze gurulýan desgalara sarp ediljek serişdeler nämälim bolup galýan mahalynda, gurluşygy amala aşyrylýan binalaryň hatarynda Halkara kongres merkezi we kaşaň myhmanhana, Döwlet münberi, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň we “Senagat” paýdarlar-täjirçilik bankynyň binalary bar.

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň (TDH) habaryna görä, türkmen lideri “soňky ýyllarda Aşgabadyň sebit we dünýä derejesindäki iri forumlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülendigini” aýdyp, Halkara kongres merkezinde gurulýan desgalaryň “ýokary halkara ölçeglerine doly laýyk gelmelidigini” belledi.

22-nji maýda Azatlyk Radiosynyň habarçysy gurluşygy dowam edýän Halkara kongres merkeziniň edil garşysynda başga bir “Maslahatlar merkeziniň” eýýäm bardygyny habar berdi.

Türkmenistanda gurulýan uly-uly binalaryň, kongres zallarynyň, Ak öýleriň, sport desgalarynyň, myhmanhanalaryň, kitaphanalaryň, Medeniýet öýleriniň we ýaşaýyş jaýlarynyň bir toparynyň köplenç boş durýandygy barada Azatlyk Radiosy mundan ozal ençeme gezek habar berdi.

Ýurtda käbir binalaryň boş durýandygyny Türkmenistanyň prezidenti hem 12-nji aprelde geçiren hökümet maslahatynda tassyklady.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýerli ýaşaýjylaryň we synçylaryň ençemesi ýurtda millionlarça amerikan dollaryna barabar desgalaryň gurulýan ýa-dagurluşyklarynyň yzygiderli alnyp barylýan mahalynda, türkmen häkimiýetleriniň Aşgabatda jaýy ýykylan adamlaryň aglabasyna käte ençeme ýyllap, käte-de düýpden hiç hili jaý bermeýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň paýtagtynda 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öň ýanynda, türkmen häkimiýetleri hususy eýeçilikdäki jaýlaryň müňlerçesini ýumrupdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG