Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze reýtingde türkmen pasporty 93-nji orunda


Türkmenistanyň pasporty onuň daşary ýurtlara syýahata amatlylygy boýunça dünýä ýurtlarynyň pasportlarynyň arasynda 93-nji orny eýeledi.

“Henley & Partners” kompaniýasynyň Halkara howa transport birleşmesiniň (IATA) maglumatlaryna esaslanyp, 2019-njy ýylyň 3-nji çärýegi üçin taýýarlan global pasport indeksinde Türkmenistanyň pasporty jemi 109 ornuň arasynda 93-nji orny eýeledi.

Bu Türkmenistanyň şeýle hasabatda 2006-njy ýyldan bäri alan iň gowşak orny hasaplanýar. Kompaniýanyň hasabatyna görä Türkmenistanyň pasporty 2008-nji ýylda güýçlenip dünýä ýurtlarynyň pasportlarynyň arasynda 74-nji orunda ýerleşdirilipdir.

Türkmen pasportynyň eýesi 51 ýurda wizasyz ýa-da degişli ýurduň çägine girenden soň olaryň serhet geçelgelerinde wiza almak arkaly syýahat edip bilýär.

Azatlyk Radiosynyň websaýtynda türkmen pasportynyň eýesiniň syýahat edip bilýän ýurtlarynyň sanawyny görkezýän infografiýa bar. Onuň bilen şu çelgi arkaly tanyşmak mümkin.

Türkmenistanyň raýatynyň wizasyz syýahat edip bilýän ýurtlarynyň arasynda Türkiýe, Gruziýa, Malaýziýa, Filippinler, Indoneziýa we beýleki käbir ýurtlar bar.

Türkmenistanlylar Ermenistan, Eýran, Iýordaniýa, Liwan ýaly ýurtlara degişli ýurduň çägine girenden soň wiza almak arkaly syýahat edip bilýär. Türkmen raýatlary Moritaniýa, Madagaskar, Mozambik, Namibiýa, Uganda, Zimbabwe ýaly birnäçe Afrika ýurtlaryna-da wizasyz syýahat edip bilýär.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň gürrüňdeş bolýan türkmen raýatlarynyň sözlerine görä, türkmenistanlylar köpçülikleýin esasan Türkiýä gidýär, onda-da gidýänleriň agramly bölegi eklenç gözleginde gidýär.

Täze pasport hasabaty ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän türkmenistanlylaryň gazanç etmek üçin köpçülikleýin ýurdy terk edýändigi baradaky habarlaryň fonunda çap edilýär.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki ygtybarly çeşmeleriniň Türkmenistanyň döwlet statistika komitetiniň ýöreden ýapyk statistika hasabatlaryna salgylanyp beren maglumatlaryna görä, 2008 – 2018-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň 1.9 million töweregi raýaty uzak möhletleýin esasda ýurdy terk etdi.

Mundan ozal, 2017-nji ýylyň ýanwarynda Pasport Indeksi atly neşiriň çap eden hasabatynda Türkmenistanyň pasporty dünýäniň jemi 95 ýurdunyň pasportynyň arasynda 78-nji orunda ýerleşdirilipdi. “Henley & Partnersiň” geçen ýylky barlag hasabatynda türkmen pasporty 88-nji orunda ýerleşdirilipdi.

Kompaniýanyň täze ýaýradan pasport indeksinde Ýaponiýanyň we Singapuryň pasportlary dünýäde iň güýçli pasport hasaplanypdyr.

Ýapon we singapur pasportlary bilen dünýäde 189 ýurda wizasyz syýahat edip bolýar.

Hasabatda Finlýandiýa, Germaniýa hem-de Günorta Koreýa 2-nji setirde ýerleşýär. Bu ýurtlaryň pasportlary bilen dünýäde 187 ýurda wizasyz syýahat edip bolýar.

Täze hasabatda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Gazagystan 69-njy, Gyrgyzystan 82-nji, Täjigistan 87-nji we Özbegistan 88-nji orunda ýerleşdirilipdir.

Türkmen pasportynyň eýesi 1999-njy ýyla çenli Russiýa, Wengriýa, Moldowa, Belarus ýaly ýurtlara wizasyz syýahat edip bilýärdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG