Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Resmi habar: Içerki bosgunlykdaky müňlerçe owgan öýüne dolanýar


Ataullah Khogýani

Harby operasiýalar we jeňçi hüjümleri arasynda obalaryny terk eden 2 müňden gowrak maşgala, howpsuzlyk ýagdaýlary gowulanyp, öýlerine dolanýarlar diýip, Nangarhar welaýatynyň ýerli häkimiýetleri aýtdylar.

Nangarhar welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Ataullah Khogýani Azatlyk radiosyna içerki bosgunlyga düşen adamlaryň Bati Kot, Kot, Momand Dara we Şinwar etraplaryndaky öýlerine dolanyp gelendiklerini aýtdy.

“Jemi 14 müň çemesi maşgala yzlaryna, öýlerine dolanyp gelmek isleýändigini aýtdy” diýip, Khogýani 4-nji iýul güni giçlik aýtdy.

Ol söweşleriň ýaşaýjylary welaýat paýtagty Jalalabada, goňşulykdaky welaýatlara göçmäge mejbur edendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG