Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ýokanç keselli raýatlara köplenç hakyky diagnoz ‘goýulmaýar’


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda ýokanç keseller bilen kesellän raýatlara köplenç hakyky diagnozyň goýulmaýandygyny, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary habar berýärler.

“Lukmanlar we ýaşaýjylar ýurtda ýokanç keseli bilen kesellän raýatlara diagnoz goýmagyň gadagandygyny, şol sebäpli hakyky statistikanyň hem ýokdugyny aýdýarlar. Ýokanç kesellerine uçran raýatlara, şol sanda çagalara köplenç “dem alyş ýollaryndaky ýiti näsazlyk” diýen diagnoz goýulýar” diýip, bu barada soňky hepdelerde aşgabatly lukmanlaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy 5-nji iýulda gürrüň berdi.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy bu barada ýakynda öz tanşynyň başdan geçiren ýagdaýyny mysal getirip, sözüniň şeýle dowam etdirdi:

“Meniň tanşymyň iki ýaşyndaky çagasy syrkawlady. Tanşymyň häzirki wagt işlemeýän, ýöne sowet döwründe lukman bolup işlän gaýyny çaganyň gyzamyk keseli bilen keselländigi barada diagnoz goýdy we oňa hassalygyň başynda dogry saglyk bejergisini berdi. Şondan soň onuň saglygy gysga wagtda gowulaşdy. Ýöne şol döwür tanşym çagasyny Saglyk öýüne alyp gidende, oňa pediatr dem alyş ýollaryndaky ýiti näsazlyk’ diýen diagnoz goýýar. Tanşym lukmana gaýnynyň çaga gyzamyk keseli bilen keselländigi barada diagnoz goýandygyny aýdýar. Lukman ‘hawa, şeýle bolmagy mümkin’ diýip, jogap berýär. Ýöne ol çaganyň bedeninde gyzamygyň bardygyna garamazdan, resminamadaky diagnozy üýtgetmeýär” diýip, habarçy 5-nji iýulda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynda gürrüňi edilýän lukmanlar, ýaşaýjylar we Saglyk öýi barada doly maglumatlaryň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Habarçy munuň soňky hepdelerde duş gelen şuňa meňzeş ençeme wakalarynyň diňe biridigini hem belläp, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli özi bilen anonim şertde söhbetdeş bolan aşgabatly lukmanlaryň ençemesiniň sözlerini getirýär:

“Soňky üç ýyldan bäri maý aýyndan tä tomus paslynyň ahyryna çenli şäherdäki çagalaryň aglabasy gyzamyk keseline uçraýar. Sentýabr aýyndan bolsa, gepatit – sary getirme keseli artýar. Şu günler çagalaryň aglabasy gyzamyk keselinden ejir çekýär” diýip, habarçy aşgabatly lukmanyň sözüni getirdi.

Onuň sözlerine görä, lukmanlar gyzamyk keseli bilen kesellän çagalaryň saglyk bejergisi üçin köplenç “Sefalosporin”, “Azitromisin”, “Amoksiklaw”, Flýukonazol” we “Poliwitamin” ýaly dermanlary ýa-da sanjymlary ulanmalydygyny ýazyp berýärler.

“Ýokarda edilýän talap sebäpli bilkastlaýyn ýa-da lukmanyň bilimsizligi sebäpli ýalňyş diagnoz goýlan çagalarda soňy bilen köplenç başga dürli saglyk näsazlyklary hem döreýär” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Türkmen häkimiýetleri we resmi media ýurtda täze keselhanalaryň, anyklaýyş merkezleriniň gurulýandygyny we olaryň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygyny ýygy-ýygydan habar berýärler.

Şol bir wagtyň özünde, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi täze gurulýan saglyk desgalaryndaky işgärleriň aglabasynyň medisina enjamlaryndan peýdalanyp, näsaglaryň keselini anyklap bilmeýändigini aýdýarlar.

Şol sebäpli ýurtda saglygy saklaýyş pudagynyň derejesiniň ýyl-ýyldan aşak gaçýandygy, hususan-da, ýürek-damar we rak ýaly kesellerinden kadaly saglyk bejergisini almagyň örän kyndygy aýdylýar.

Maý aýynyň ahyrynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleriniň biri soňky bir ýylyň dowamynda Tejenden, Lebapdan we Marydan Aşgabada gelip rak keselini bejertmek isleýän birnäçe adamyň aradan çykandygyny gürrüň berdi.

Bu habarlaryň fonunda, soňky ýyllarda eli ýuka adamlaryň hem, karza girip, daşary ýurtlara, şol sanda Eýrana, Hindistana we Türkiýä saglyk syýahatlaryna gitmäge çalyşýandyklaryny Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we türkmenistanlylaryň ençemesi habar berdi.

Maglumat üçin aýtsak, türkmen Daşary işler ministrliginiň resmi websaýtynda berlen maglumata görä, Türkmenistan gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilendigi barada Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin býurosynyň halkara güwänamasyna eýe boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG