Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň dermanhanalarynda gyt dermanlaryň ýerine ösümlik şiresini hödürleýärler


Aşgabadyň dermanhanasy

Türkmenistanda daşary ýurtly gyt dermanlaryň ýerine teklip edilýän ýerli derman önümleriniň gytçylygy döräpdir.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň 26-njy iýulda habar bermegine görä, bu ýagdaýda paýtagtyň dermanhanalarynda dermana derek ösümlikleri hödürleýärler. Hususan-da otlar, ýürek-damar dermanlaryna derek teklip edilýär.

- Dermanhanalarda "ýerini tutýan" bir zat hökmünde ot suwuny hödürleýärler. Emma tahikardiýada, ýagny ýürek urşuny haýallatmak üçin bu ýaramaýar diýip - habarçymyz aýdýar. Onuň sözlerine görä, teklip edilýän ot-çöpleriň sanawy ýowşan, çopan telpek, käkilik oty ýaly otlaryň onlarçasyny öz içine alýar.

Aşgabadyň dermanhanalarynda teklip edilýän önümleriň nusgasy
Aşgabadyň dermanhanalarynda teklip edilýän önümleriň nusgasy

​Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda Türkmenistanda köplenç tapdyrmaýan gyt serişdeler, esasan ýürek-damar kesellerini, aýallar kesellerini bejermek we öňüni almak, şeýle-de köşeşdirýän we uky dermanlar. Emma köşeşdiriji-uky dermanlary satyn almak üçin resept ýazdyrmak hem aňsat däl.

- Näme üçindir olar "gadagan edilenleriň" sanawyna girizilipdir. Lukmanlar olar üçin resept ýazyp bermekden saklanýarlar we ýüz öwürýärler. Olar soň özlerinden soralmagyndan howatyrlanýarlar. Örän seýrek we maýyplygy tassyklanan hassalar üçin ýazdyryp almak başardýar. Bu köşeşdiriji-uky dermanlaryň uly toparyna degişli. Antidepressantlar we trankwilizatorlar barada gürrüň hem ýok, olar hiç bir resept boýunça hem satylmaýar" - diýip, habarçylarymyzyň ýene biri aýtdy.

Habarçylarymyz we çeşmelerimiz soňky günlerde satuwdan aýrylan "Korwalginiň" Türkmenistanyň özünde öndürilýän iň elýeterli derman serişdeleriniň biri bolandygyny aýdýar. Bu derman daşary ýurt önümi bolan ýüregi köşeşdiriji "Korwalol" damjalarynyň ornuny tutýardy.

- Ilat arasynda köp ulanylýan we "ýürek" üçin "halk" serişdeleriniň "biri bolan "Korwalol" belli bir wagtlap ýitirim bolup, soň ýene peýda bolýardy. Gytçylyk döwründe bir wagt Belarusda öndürilen "Korwalol" satylýardy. Soň Türkmenistanda öndürleni peýda boldy. Onuň tagamy başgady, belki düzümindäki bir ýa-da birnäçe maddanyň üýtgedilen bolmagy mümkin. Maddalaryň ýetmezçiligi sebäpli ýerli reseptiň esasyndaky "Korwalgin" atly derman serişdesiniň önümçiligi ýola goýuldy - "Korwalolyň" esasy jisimlerine waleriananyň şiresi goşulan bu derman ýüregiň tiz uruşyna garşy serişde hökmünde satylýardy. Geçen hepdede bu serişdäniň söwdasyny hem ýatyrdylar - diýip, adyny agzamazlyk şerti bilen söhbetdeş bolan aşgabatly çeşmämiz aýtdy.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, şu günler "Korwalol" derman serişdesini käbir dermanhanalarda belli bir şert esasynda satyn alyp bolýar.

- "Korwaloly" belli bir möçberde "ýaşyryn" satýarlar, bir çüýşejigini 70 manatdan, ol öň 3, soň 5 we 7 manada duýardy - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde-de, ýürek-damar keselleriniň Türkmenistanda ilat köpçüliginiň ölümine esasy sebäp bolýandygy anyklandy.

20-nji iýunda turkmen.news garaşsyz neşri Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we sosial meseleler boýunça departamentine hödürlenen Türkmenistanyň Meýletin milli synynda görkezilen sanlary çap etdi. Maglumata laýyklykda, soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda 30-69 ýaş aralygyndaky adam ölümleriniň 50 prosentine ýürek-damar keselleri sebäp bolýar.

Şu ýylyň maý aýynda Aşgabadyň ilaty insuliniň gytçylygyna hem sezewar bolupdy. Süýji keselinden ejir çekýän hassalar üçin iňňän zerur insulin, döwlet dermanhanalarynda uly nobatlaryň döremeginde, san taýdan çäklendirilip berildi. Hususy dermanhanalarda insulin satylmaýar.

Türkmenistanda derman gytçylygynyň döremeginiň sebäplerini we derman serişdeleriniň ilat üçin elýeterliliginiň yzygiderli çäklendirilmeginiň sebäplerini resmi çeşmelerden anyklamak başartmady. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden kommentariý almak üçin eden ençeme synanyşygy netije bermedi.

Mundan öň Saglyk ministrligi ilata dermana derek prezidentiň "Türkmenistanyň derman ösümlikleri" atly kitabynda agzalan otlardan çaý demläp içmegi resmi taýdan maslahat beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG