Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan metjidindäki partlama azyndan iki adamy öldürdi


Gazniniň welaýat geňeşiniň başlygy Amanullah Kamran

Owganystanyň Gazni şäherinde ýerleşýän şaýy metjidiniň içinde bolan bomba partlamasynda zyndan iki adam ölüp, ýigrimi adam ýaraly boldy diýip, resmiler 6-njy iýulda aýtdylar.

Partlama 6-nji iýulda Gazniniň Khak-e-Ghariban diýen ýerinde, dindarlar Mohammadiýa metjidinde agşam namazyna gatnaşýan wagtynda boldy diýip, welaýat gubernatorynyň sözçüsi Arif Noor aýtdy.

Gazniniň welaýat geňeşiniň başlygy Amanullah Kamranyň maglumatyna görä, partlama bolan wagtynda metjitde 70 töweregi adam toplanypdy. Partlaýjy madda metjitde namazdan öň ýerleşdirilene çalym edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG