Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ýene ösüş tassyklandy we resmilere käýinç yglan edildi


Wise-premýer Bahargül Abdyýewa "medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýeterlik derejede ulanylyşyna gözegçiligi gowşadandygy üçin" käýinç aldy.

Türkmenistanyň prezidenti hökümet agzalarynyň alty aýdaky işleriniň netijelerini jemläp, resmilere käýinç paýlady, käbir ýolbaşçylary täzelemek baradaky kararlara gol çekdi.

Wise-premýer Goçmyrat Myradow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin berk käýinç alsa, wise-premýer Bahargül Abdyýewa wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmezliginiň üstesine, medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýeterlik derejede ulanylyşyna gözegçiligi gowşadandygy üçin käýinç aldy.

Şeýle-de maliýe we ykdysadyýet ministri Batyr Bazarow, gurluşyk we binagärlik ministri Söýençnazar Selimow, döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaýew, Lebap welaýatynyň häkimi Taňryguly Atahallyýew, Lebap welaýatynyň häkiminiň orunbasary Şöhrat Hudaýkulyýew,Döwletli etrabynyň häkimi Batyr Gylyjow, Köýtendag etrabynyň häkimi Söhbet Allakulyýew işde goýberen kemçilikleri üçin käýinç aldy.

Şeýle-de prezident, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygyny we işde kemçilik goýberendigini aýdyp, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygyny, Türkmen döwlet statistika komitetiniň başlygyny wezipesinden boşatdy.

Berdimuhamedow mundan öň, 3-4-nji iýulda ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylaryny täzelemek baradaky kararlara gol çekdi.

Hökümet mejlisinde berlen hasabatlarda aýdylmagyna görä, ýylyň altyn aýynda kanagatlanarly ösüş derejeleri saklanyp galdy.Emma prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurt serişdelerinde gelip gowuşýan pullaryň azalandygyny aýtdy.

Ol hususan-da energetika ministri M.Artykowyň we «Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýolbaşçysy D.Saburowyň bu ugurdaky tabşyrygy ýerine ýetirip bilmändigini belledi.

Türkmenistanda resmilere käýinç berilmegi, ýolbaşçy işgärleriň çalşyrylmagy ýyldan-ýyla şol bir ýagdaýda dowam etdirilýär we ýurduň ösüş depginini saklaýandygy habar berilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG