Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bankomatlar adamlary “surnukdyrýar”, ýaşaýjylar nagt däl söwdanyň ýola goýulmazlygyndan nägile


Türkmenistanda bir bankomat. Illýustrasiýa suraty.

Şu günler Daşoguz we Mary şäherleriniň bankomatlarynda nagt pul ýetmezçilik edýär. Ýerli ýaşaýjylar bank kartlarynda bar bolan maliýe serişdelerini aňsatlyk bilen nagtlaşdyryp bilmeýär.

Bankomatlardaky nagt ýetmezçiligi we ýurtda nagt däl söwdany amala aşyrmakda bar bolan kemçilikler barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji iýulda habar berdi.

“Häzir Daşogzuň merkezindäki bankomatlaryň öňünde pensiýa pullaryny alyp bilmän garaşyp duran uly ýaşly gartaşan adamlaryň nobatlaryny synlasa bolýar” diýip, habarçy aýdýar.

Ol bankomatlarda pul elýeterli bolan halatlarynda-da munuň tiz wagtyň içinde gutarýandygyny belleýär.

Habarçy özleriniň bank kartlaryna geçen pensiýa haklaryny bankomatlarda nagtlaşdyrmak üçin uzyn nobatlara garaşmaga mejbur bolýan garrylaryň arasynda, soňky 3 günüň dowamynda 45 gradusa çenli çykýan yssy howada huşundan gidip ýykylýanlar hem bardygyny habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan Daşogzuň ýaşaýjylaryň ençemesiniň sözlerine görä, adamlar nagt däl söwdanyň kadaly ýola goýulmazlygyndan şikaýat edýär.

“Adamlar nagt däl söwdanyň ýola goýulmazlygyndan nägile. Şol sebäpden bankomatlarda pul nagtlaşdyrmak zerurlygy ýüze çykýar” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maglumatlaryna görä, iki ýyl töweregi mundan ozal ýurduň çäginde 15 müňe golaý töleg terminaly hasaba alnan ekeni.

Ýöne Azatlygyň habarçylary, ýurduň söwda nokatlarynda telekeçileriň özlerinde bar bolan hasapdaky töleg terminallaryny ulanmazlygy saýlap alýandyklaryny habar berýär.

“Bazarlardaky telekeçiler nagt däl söwda etmek islemeýär. Olar töleg terminallaryny gizläp goýýarlar, ýa-da olary ulanmajak bolup, dürli bahanalary tapýarlar. Men bu meseläniň sebäpleri bilen gyzyklanyp görenimde, telekeçiler nagt däl söwdadan [gazanan pullaryny nagtlaşdyrmakda, ýa-da oňa haryt almakda] kynçylyk çekýändiklerini aýtdylar” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Azatlygyň ikinji habarçysy Mary şäherindäki bankomatlar bilen bagly problemalar barada habar berdi. Ol şäheriň sanly bankomatynda pul tapdyrýandygyny, adamlaryň sanly bankomatyň öňündäki uzyn nobatlarda yssy howada kösenýändigini gürrüň berdi.

“Bankomatlaryň öňünde uzyn nobat bar. Adam gaty kän. Adamlaryň pensiýa we “posobiýe” haklary olaryň bank hasaplaryna geçirilipdir, ýöne olary nagtlaşdyryp bilmän kösenýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, 8-nji iýulda Mary şäherindäki “Senagat” täjirçilik bankyna degişli jemi 2 bankomat işleýärdi. “Ýöne olardaky pullar 2 sagada ýetmän dessine gutardy. Şondan soň nobata garaşýan adamlaryň hemmesi “Türkmenistan” bankyna gitdi. Ol ýerde-de nobata garaşýan adam kän. Yssy howada daýzalar we çagaly gelinler kösenip öz nobatyna garaşýar” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, pensionerleriň pensiýa haklary we mümkinçiligi çäkli adamlaryň hem-de çagaly eneleriň döwlet kömek pullary olaryň bank hasaplaryna geçirilip başlandy.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň Mary şäherinde ýerleşýän şahamçasynyň bankomatynda-da nagt tapdyrýar; ol ýerde bank işgärleri binanyň içinde ýerleşýän bankomatlara 2 adamdan goýberýär.

“Adamlar daşarda, günüň aşagynda nobat belleşip dur. Olar başga ýerlerdäki bankomatlaryň nagt ýetmezçiligi sebäpli boş durandygyny aýdýarlar” diýip, habarçy belledi.

“Ýene bir ýerde pul bar – ol hem Mary şäheriniň Polisiýa müdirliginde ýerleşýän bankomatda. Ýöne hiç kim oňa girip, pul nagtlaşdyryp bilenok” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, Mary şäherinde ýerleşýän ýangyç guýujy stansiýalarda-da töleg terminallary işlemeýär, sürüjiler bank kartlary arkaly töleg geçirip bilmeýär.

Türkmen resmileri hökümet çykyşlarynda ýurduň bank we maliýe pudagynyň sanly ulgama geçýändigini, bu pudagyň innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly ösdürilýändigini öwran-öwran gaýtalaýar. Beýleki tarapdan, telekeçiler töleg terminallary bilen söwda etmekden saklanýar, ýerli ýaşaýjylar bar pullaryny bankomatlarda nagtlaşdyryp bilmän kösenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG