Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ýerli ÝOJ-lara giriş synaglarynyň wagty yglan edildi


ýokary okuw jaýynyň giriş synagynga gatnaşmaga barýan dalaşgär, awgust, 2013-nji ýyl. Illýustrasiýa suraty.

Bu ýyl Türkmenistanyň ýokary we orta hünär mekdeplerine studentleri okuwa kabul etmek işleri 2019-njy ýylyň 8-nji iýuly bilen 17-nji awgusty aralygynda guralar.

Türkmenistanda 2019-njy ýylda ýurduň ýokary we orta hünär mekdeplerinde okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi hem-de meýilnamasy tassyklanyldy.

5-nji iýulda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow buýruga gol çekip, 2019-njy ýylda ýurduň ýokary we orta hünär mekdeplerine raýatlary okuwa kabul etmäge degişli döwlet toparynyň düzümini hem-de meýilnamasyny tassyklady.

Oňa laýyklykda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri raýatlary okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.

Okuw jaýlaryna giriş synaglary olaryň ýerleşýän ýerinde geçiriler.

Synçylar dalaşgärlerden, ýurduň ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin olara isleg bildirýän raýatlardan uly möçberde para talap edilýändigini nygtaýar.

Prezident Berdimuhamedow 5-nji iýulda geçiren hökümet mejlisinde raýatlary ýokary okuwa kabul etmek işlerine “dahylly ähli adamlara onuň ýokary derejede we aç-açanlykda, hiç hili ýaramaz ýagdaýlara ýol bermezden geçirilmelidigini” ýatlatdy diýip, TDH ýazýar.

Mundan ozalky ýyllarda, türkmen resmileri raýatlaryň “aç-açan” ýagdaýda ýokary okuw jaýlaryna kabul edilmegine synag wagtynda synag geçirilýän ýerlere kameralaryň ýerleşdirilmegini mysal hökmünde görkezip geldi.

Ýöne synçylaryň aýtmagyna görä, ýokary okuw jaýyna degişli paralar raýatlardan ýaşyrynlykda alynýar.

Galyberse-de, Türkmenistanyň bilim pudagyny öwrenýän ýerli synçylar Türkmenistanda berilýän bilimiň hiline soragly garaýar, studentleriň we professor mugallymlaryň döwletiň medeni-köpçülikleýin çärelere yzygiderli gatnaşmaga mejbur edilýändiklerini aýdýarlar.

Türkmenistanda geçirilýän döwlet baýramçylyklarynda bir ýylyň dowamynda, ýerli synçylaryň hasaplamalaryna görä, müňlerçe çäre geçirilýär. Oňa döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, şolaryň hatarynda mugallymlar, okuwçylar, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, studentler we beýlekiler gatnaşdyrylýar.

Daşary ýurtlarda bilim alýan onlarça türkmen studentiniň Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň bermegine görä, Türkmenistandaky ýokary bilim edaralarynda berilýän bilimiň hiliniň pesdigi, şeýle-de bu ulgamda giň ýaýran korrupsiýa köp sanly türkmenistanlynyň ýokary bilim almak üçin daşary ýurtlara çykmagyna iterýär. Ýöne olaryň sözlerine görä, türkmen hökümeti raýatlaryň daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim almagyna degişli hem käbir çäklendirmeleri girizip başlady.

Muňa mysal hökmünde daşary ýurtlardaky köp sanly türkmenistanly talyp, daşary ýurt ýokary okuw jaýlaryndan alnan diplomlaryň Türkmenistanda ykrar edilmegine degişli mart aýynda girizilen täze düzgüne salgylanýar.

Ýöne beýleki tarapdan, daşary ýurtlarda ýaşaýan käbir türkmenistanlylaryň Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň bermegine görä, öz güýjüne daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw jaýlarynda, şol sanda Masaçusets tehnologiýa instituty (Massachusetts Institute of Technology), ýörgünli ady bilen MIT, Harward uniwersiteti ýa-da University College London (UCL) ýaly Birleşen Ştatlaryň, Birleşen Şalygyň we beýleki käbir ösen döwletleriň abraýly ýokary okuw jaýlarynda ýokary bilim alan, alýan ýa-da bilim berýän türkmenistanlylar bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG