Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow bilimden söz açyp, daşardan professor çagyrmagy, tölegli okuwy teklip edýär


Tahýa geýmäge borçly edilen okuwçy.
Tahýa geýmäge borçly edilen okuwçy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilimli, hünärli adamlary bolmadyk döwletiň gelejeginiň ýokdugyny aýdyp, türkmenistanlylara döwrebap bilim bermek üçin daşary ýurtly hünärmenleri işe çekmegi, studentleri tölegli esasda okatmaga geçmegi teklip edýär.

Bu teklipler onuň häkimiýet başynda gelende öňe süren bilim reformalarynyň netijesiz bolandygy baradaky tankydy bellikleriň ýygjamlaşan wagtyna gabat geldi.

Mundan öň Berdimuhamedow öz öňe süren oba hojalyk reformalarynyň netijesiz bolandygyny gytaklaýyn tassyklap, täze teklipleri orta atypdy.

Türkmen prezidentiniň bilim pudagyndaky täze teklipleri şu ýyl ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzüminiň tassyklanan wagtynda edildi.

Türkmenistanyň prezidentiniň gol çeken buýrugyna laýyklykda, okuwa kabul etmek 8-nji iýul-17-nji awgust aralygynda amala aşyrylar. Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, synaglaryň “aç-açanlykda, hiç hili ýaramaz ýagdaýlara ýol bermezden geçirilmelidigini” ýatlatdy.

Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşýän ýaşlaryň, ene-atalaryň, şol sanda bilim işgärleriniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda ýokary okuwa girmek üçin talap edilýän paranyň möçberi ýyl-ýyldan ýokarlanýar we bu ýagdaý ýaşlaryň köpüsiniň daşary ýurtlarda okamaga gitmegine sebäp bolýar.

Aýdylmagyna görä, daşary ýurtlarda tölegli okuw jaýlarynda okamak hem Türkmenistanda para berip okandan arzan düşýär. Ikinji tarapdan, Türkmenistanyň mekdeplerinde okuwyň derejesiniň ýyl-ýyldan pese gaçýandygy hakyndaky howsalalar güýçlenýär.

Eger-de döwletde sowatly ýaşlar, anyk ýokary derejeli hünärmenler bolmasa, şol döwletiň hiç bir geljeginiň ýokdugyna anyk düşünmelidiris.”
G.Berdimuhamedow

Emma türkmen häkimiýetleri bu ýagdaýlar barada açyk gürrüň etmeýärler we açyk syr bolan parahorlugy “ýaramaz ýagdaýlar” diýen ýaly umumy sözler bilen atlandyrýarlar.

Biziň ýokary okuw mekdeplerimize zehinli we zähmetsöýer ýaşlar kabul edilmelidir hem-de okamalydyr” diýip, TDH G.Berdimihamedowyň sözlerini sitirleýär.

Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzüminiň tassyklanmagy ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylarynyň uçdantutma diýen ýaly täzelenen wagtynyň yz ýanyna gabat geldi. Şol bir wagtda, rektorlaryň we prorektorlaryň köpçülikleýin täzelenmeginiň anyk sebäpleri aýdylmaýar.

Bu çäreler ýurtda halk hojalygyna zerur hünärli kadrlaryň ýetmezçilik edýändigi baradaky aladalaryň ýygy-ýygydan dile getirilýän wagtynda görülýär.

Prezident Berdimuhamedow soňky wagtlarda ýurduň Ylymlar akademiýasynyň, ýokary hünär mekdepleriniň işinden nägileligini birnäçe gezek dile getirdi.

“Biz bilim özgertmelerini geçirmegiň depginini çaltlandyrmalydyrys” diýmek bilen, Berdimuhamedow ýene bir gezek mekdebi tamamlan ýaşlaryň önümçilikde işlemäge taýýar bolmalydygy baradaky pikirini gaýtalady.

Döwlet baştutanynyň pikiriçe, mekdebi tamamlan ýaşlar “gaýtadan okamazdan, telekeçilik düzümlerinde kynçylyksyz işlär ýaly” bolmaly. Ol munuň üçin mekdep programmasynda telekeçilik işiniň ýönekeý düzgünleriniň,bu ugurdaky kanunlaryňöwredilmegini isleýär.

Mundan başga, Berdimuhamedow bu ugurda dünýä belli ugurdaş institutlar bilen hyzmatdaşlyk etmegi, bu işe daşary ýurtly hünärmenler işe çekmegi teklip edýär.

Eger-de döwletde sowatly ýaşlar, anyk ýokary derejeli hünärmenler bolmasa, şol döwletiň hiç bir geljeginiň ýokdugyna anyk düşünmelidiris” diýip, Berdimuhamedow aýdýar.

Şeýle-de ol obada işleýän mugallymlaryň zähmet hakyny ýokarlandyrmak, olary ýeňillikli şertlerde ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek teklibini etdi.

Ýerli synçylar ýurtda bilimiň derejesiniň pese gaçýandygyny, bilim pudagyndaky korrupsiýanyň ýokarlanýandygyny öňräkden bäri aýdyp gelýärler. Olaryň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda mekdebi gowy bahalar bilen tamamlan ýaşlaryň arasynda hem ene dilinde sowatly sözlem düzmekde, pikirini delillendirmekde kynçylyk çekýän ýaşlar örän köp duşýar.

Azatlyk radiosy bu tema boýunça dürli ýyllarda guran söhbetdeşliklerden käbir bölekleri okyjylaryň we diňleýjileriň dykgatyna ýetirmek kararyna geldi.

Şeýlelikde, bähärdenli mugallym Sazak Durdymyradow bilen 2008-nji ýylyň iýunynda, publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen 2011-nji ýylyň fewralynda, daşary ýurtda ýaşaýan türkmen pedagogy Serdar bilen 2012-nji ýylyň iýunynda geçirlen söhbetdeşliklerden käbir bölekleri diňläň.

Synçylaryň Türkmenistanda bilimiň derejesi barada aýdanlaryndan
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:55 0:00


XS
SM
MD
LG