Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşme: goşa raýatlaryň pasport üçin dokumentleri çäklendirilip kabul edilýär


Türkmenistanyň raýatynyň pasporty

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň sözlerine görä, goşa raýatlyga eýe bolan adamlaryň Türkmenistanyň daşary ýurt pasportyny almak üçin migrasiýa gullugyna ýüz tutanlarynda dokumentler çäklendirmeler bilen kabul edilýär.

"Aşgabatda Orsýetiň raýatlygyny 2015-nji ýylyň maý aýyndan soň alan şahslaryň dokumentlerini kabul etmekden ýüz öwürýärler. Dokumentler kabul edilende, karara entek gol çekilmändigi duýdurylýar we muňa haçan garaşmalydygyny aýtmaýarlar" diýip, gizlinlik şertlerinde söhbetdeş bolan çeşmämiz aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, soňky günlerde daşary ýurt pasportyny almak üçin dokumentlerini tabşyranlaryň arasynda Orsýetiň raýatlygyny 2003-nji ýyldan soň alan, emma ene-atalary Orsýetiň raýatlary bolan adamlar bar.

"Ejesinde ýa-da kakasynda Orsýetiň raýatlygy bolan adamlaryň pasport üçin dokumentleriniň kabul edilip başlanandygy anyk. Emma 2014-nji ýyla çenli käbir çäklendirmeler bar. Munuň nämä bilen baglydygy entek belli däl" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.

Azatlygyň habarçysy daşary ýurt pasportyny almak üçin Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyna dokument tabşyran azyndan üç maşgala barada maglumat berýär.

​"Aýaly öz adamsynyň raýatlygynyň esasynda dokumentlerini tabşyrdy. Olar köpden bäri maşgala, iki çagasy bar. Aýaly we iki çagasy üçin dokumentleri tabşyrdylar. Öň bu mümkin däldi, aýaly bahar aýlarynda-da wiza etdirmeli bolýardy" diýip, habarçymyz maşgalalaryň biri barada gürrüň berýär.

​Azatlyk Radiosy bu maşgalalaryň howpsuzlygyny berjaý etmek maksatly olar barada jikme-jik maglumat bermekden saklanýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary goşa raýatlaryň Türkmenistanyň daşary ýurt pasporty üçin dokumentleriniň kabul edilmeginiň soňky iki hepdäniň dowamynda alnyp barylýandygyny anykladylar.

Türkmenistanyň we Orsýetiň arasynda goşa raýatlyk ylalaşygy 10 ýylyň dowamynda hereket edip, 2003-nji ýylyň aprel aýynda ýatyryldy. Türkmenistan goşa raýatlygy ýatyrmak barada protokola gol çekmeginiň yzýany ony ratifisirledi we türkmenistanlylaryň diňe bir ýurduň raýatlygyny saklap galmagyny talap etdi. Türkmenistanyň Migrasiýa resmileri Orsýetiň raýatlygyny saklap galmak islän türkmenistanlylara daşary ýurt pasportyny bermekden ýüz öwürdi.

Orsýet Federasiýasy Türkmenistan bilen goşa raýatlygy ýatyrmak barada gol çeken dokumentini ratifisirlemedi.

2015-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň we Orsýetiň arasyndaky "Goşa raýatlyk meselesini kadalaşdyrmak boýunça ylalaşyk" öz güýjüni ýitirdi.

​4-nji iýulda Azatlygyň Moskwadaky we Aşgabatdaky çeşmeleri hem habarçylary Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň Orsýetiň raýatlygyny 2003-nji ýyldan soň alan türkmenistanlylara daşary ýurt pasportyny bermek boýunça dokumentleri kabul edip başlandygyny habar berdiler.

Bu barada resmiler tarapyndan maglumat bolmady.

9-njy iýulda Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy bilen habarlaşmak başartdy. Emma Migrasiýa gullugynda goşa raýatlara pasport bermek işine başlanyp başlanmandygyny ne tassykladylar, ne-de inkär etdiler. Sowalymyzy diňläp garaşmagy soradylar we soň trubkany goýdular. Ondan soň jaňa asla jogap bermediler.

Orsýet resmileriniň sözlerine görä, goşa raýatlygy bolan şahslara daşary ýurt pasportyny bermek barada 2017-nji ýylyň güýzünde Orsýetiň we Türkmenistanyň prezidentleriniň arasynda bolan duşuşykda ylalaşylypdyr.

2018-nji ýylyň dekabr aýynda Orsýetiň Daşary işler ministrligi Türkmenistandaky goşa raýatlyga eýe bolan raýatlarynyň ykbaly barada ýakyn wagtda maglumat berilmegine garaşýandygyny mälim etdi.​

Türkmenistanda Orsýetiň raýatlygyny 2003-nji ýyldan soň alan türkmenistanlylaryň sany barada resmi maglumatlar elýeterli däl. Garaşsyz çeşmeleriň maglumatlarynda 10-12 müň adamdan ybarat san agzalýar.

Rus dilinde okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG