Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenskiý şu ýyl “gymmatbaha harby paradyň” geçirilmejekdigini aýtdy


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý şu ýyl 24-nji awgustda bellenilýän Garaşsyzlyk güni mynasybetli “gymmatbaha” diýip häsiýetlendiren harby paradyň geçirilmejekdigini aýtdy.

9-njy iýulda özüniň Facebook hasabynda ýerleşdiren wideo-ýüzlenmesinde Zelenskiý parad üçin harçlanmaly 300 million griwnanyň, ýagny $11.7 million dollaryň harby gullukçylara beriljekdigini aýtdy.

“Bu gaty dabaraly we, elbetde, arzan däl. Bu pullary gahrynamlarymyza bersek gowy bolar” diýip, Zelenskiý belledi.

Ukraina 1998-nji ýyldan bäri harby paradlary geçirip gelýär.

Bu tejribe 2010-2013-nji ýyllar aralygynda, Moskwa bilen dostlukly gatnaşyklary bolan prezident Wiktor Ýanukowiçiň döwründe togtadylypdy. Ýanukowiç 2014-nji ýylda Ýewromaýdan protestleriniň dowamynda Russiýa aşypdy.

Ukrainanyň ozalky prezidenti Petro Poroşenkonyň döwri ýurtda her ýyl giň gerimli harby paradlar geçirilýärdi. Şonda ýurduň gündogarynda Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistler bilen barýan uruş döwri harby pudagyndaky geçirilen reformalaryň netijeleri görkezilýärdi.

Uruş 2014-nji ýylda, haçança Russiýa Krymy basyp alanyndan soň başlady.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG