Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nur-Soltanda eneler ýene ýöriş geçirdiler


30 töweregi ene Nur-Soltanda prezidentiň edarasynyň binasyna barmakçy boldular. 12-nji iýul, 2019 ý.
30 töweregi ene Nur-Soltanda prezidentiň edarasynyň binasyna barmakçy boldular. 12-nji iýul, 2019 ý.

Gazagystanyň paýtagtynda onlarça aýal hökümetiň jaý bilen üpjün etmegini talap edip, ýöriş geçirdi.

30 töweregi ene Nur-Soltanda prezidentiň edarasynyň binasyna barmakçy boldular. Emma, polisiýa olaryň ýoluny böwetledi.

Zähmet we sosial goraglylygy ministriniň orunbasary we Nur-Soltanyň häkiminiň orunbasary aýallaryň öňüne çykyp, olaryň meselesini ministrlikde ýa-da häkimiň edarasynda maslahat etmäge çagyrdylar.

Aýallar şular ýaly ozalky gepleşikleriň hiç hili oňaýly netije bermändigini aýdyp, bu teklipden ýüz öwürdiler.

12-nji iýulda şuňa meňzeş ýörişler ýurduň gündogaryndaky Şymkent şäherinde hem geçirildi.

XS
SM
MD
LG