Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň DIM-i: Russiýa we Türkmenistan goşa raýatlara türkmen pasportyny bermegiň üstünde işleýär


Türkmenistanyň döwlet baýdagy we Türkmenistanyň raýatynyň ýurtda girip çykmagyna degişli biometriki pasporty.
Türkmenistanyň döwlet baýdagy we Türkmenistanyň raýatynyň ýurtda girip çykmagyna degişli biometriki pasporty.

Russiýa we Türkmenistan goşa raýatlara türkmen pasportyny bermegiň üstünde işleýär diýip, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa 12-nji iýulda ministrligiň websaýtynda maglumat ýaýratdy.

“Hakykatdan-da häzirki wagtda biz türkmen partnýorlarymyz bilen goşa raýatly russiýalylara pasport bermek meselesi boýunça bilelikde tagalla edýäris. Edilýän tagallalar Russiýanyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň arasyndaky ylalaşyklara esaslanyp berjaý edilýär hem-de olar bilen doly sazlaşýar” diýip, Zaharowa aýtdy.

Rus-türkmen goşa raýatlaryna türkmen daşary ýurt pasportyny bermek üçin dokumentleriň kabul edilip başlanandygy barada Azatlyk Radiosy ilkinji bolup, 5-nji iýulda habar beripdi.

Azatlygyň Moskwadaky we Aşgabatdaky çeşmeleri hem habarçylary Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň rus raýatlygyny 2003-nji ýyldan soň alan türkmenistanlylara halkara syýahata degişli biometriki pasporty bermek üçin dokumentleri kabul edip başlandygyny 4-nji iýulda habar berdiler.

Russiýa bilen Türkmenistan 1993-nji ýylda goşa raýatlyk boýunça ylalaşyga gol çekdi. 2003-nji ýylda bu ylalaşyk ýatyrylyp, iki ýurduň arasynda raýatlyk meseleleri boýunça täze protokola gol çekildi.

Türkmen parlamenti bu protokoly dessine tassyklady we häkimiýetler goşa raýatly türkmenistanlylardan diňe bir ýurduň raýatlygyny saklap galmaklaryny talap etdi.

Russiýanyň Döwlet dumasy bu protokoly tassyklamady. Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy 2003-nji ýyldan soň hem Türkmenistandaky goşa raýatlygy bolan russiýalylara rus pasportyny bermäge dowam etdi. Russiýanyň Daşary işler ministrligi 2003-nji ýylda iki ýurduň arasynda gol çekilen protokolyň Dumada tassyklanýança güýçsüzdigini, oňa derek 1993-nji ýylda gol çekilen degişli ylalaşygyň öz güýjüni saklaýandygyny aýdyp geldi.

Beýleki tarapdan, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy Russiýanyň raýatlygyny saklap galmak islän türkmenistanlylara türkmen daşary ýurt pasportyny bermekden ýüz öwürdi. 2013-nji ýylda bu pasport ýurda girip çykmak üçin adatdan daşary bolmadyk ýagdaýlarda ýeke-täk resminama hökmünde kabul edildi.

Galyberse-de, Türkmenistan 2008-nji ýylda täze Konstitusiýa kabul etdi. Onda türkmenistanly raýatlaryň goşa raýatlygy ykrar edilmeýär.

Iki ýurduň arasyndaky "Goşa raýatlyk meselesini kadalaşdyrmak boýunça ylalaşygyň” 2003-nji ýylda ýatyrylmagyndan soň, geçen 16 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu mesele çözülmän geldi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri Türkmenistanda 10 müň töweregi raýatyň pasport meselesi bilen bagly bu problema bilen ýüzbe-ýüz galýandygyny aýdýar.

2003-nji ýylyň aprel aýynda iki ýurduň arasynda “goşa raýatlygy ýatyrmak boýunça” protokola gol çekilende, bu ylalaşygyň gapdaly bilen Russiýanyň Türkmenistandan 25 ýyllap türkmen gazyny satyn almagyna degişli aýrybaşga ylalaşyga-da gol çekilipdi.

Rus daşary işler ministrliginiň goşa raýatlyk meselesi boýunça ýaýradan soňky beýanaty Russiýanyň türkmen gazyny täzeden satyn alyp başlan wagtynyň yzýanyna gabat geldi.

1-nji iýulda "Gazprom" "Türkmengazdan" 5 ýyl möhlet bilen tebigy gazy satyn almak barada ylalaşyk baglaşylandygyny habar berdi.

​Resmi maglumatda şertnama laýyklykda, Türkmenistandan "Gazproma" iberiljek gazyň möçberiniň ýylda 5.5 milliard kub metre barabar boljakdygy aýdylýar.

Rus-türkmen goşa raýatlygynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi heniz resmi beýanat bilen çykyş etmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG