Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hizballa lideri ABŞ-nyň Eýran tarapyndan goldanylýan hereket bilen gepleşmäge çalyşýandygyny aýdýar


Liwanyň Hizballa jeňçi toparynyň lideri Hassan Nasralla goldawçylaryna wideo ýüzlenmesini edýär. Arhiw suraty.
Liwanyň Hizballa jeňçi toparynyň lideri Hassan Nasralla goldawçylaryna wideo ýüzlenmesini edýär. Arhiw suraty.

Liwanyň Eýran tarapyndan goldanylýan hereketiniň lideri Hassan Nasralla Birleşen Ştatlaryň, toparyň ýolbaşçylaryna garşy täze sanksiýalary girizmegine garamazdan, öz topary bilen aragatnaşyk açmaga çalyşýandygyny aýdýar.

"Prezident Donald Trampyň adminstrasiýasy öz araçylarynyň üstünden Liwandaky Hizballa bilen aragatnaşyk kanallaryny açmaga çalyşýar.... Olar amerikan pragmatikleri” diýip, Nasralla 12-nji iýulda Hizballanyň Al-Manar TW-sine aýtdy, ýöne sözüni delillendirmedi.

Nasralla şol bir söhbetdeşligiň dowamynda eger-de Waşington bilen Tähranyň arasynda uruş tursa, ABŞ-nyň ýarany bolan Ysraýyl “bitarap” döwlet diýip hasaplanmaz we Eýran tarapyndan hüjüme sezewar bolup biler diýdi.

Ol “Eýran Ysraýyly gazap we güýç bilen bombalamaga ukyply” diýdi. “Haçanda amerikanlar bu urşuň Ysraýyly süpürip aýyrjagyna göz ýetirse, olar gaýtadan pikir eder” diýip, Nasralla aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Nasrallanyň aýdan sözlerine bada-bat düşündiriş bermedi.

XS
SM
MD
LG