Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan uzaga çeken magdan işi boýunça $6 milliard tölemeli edildi


Kömür käninde işleýän pakistanly oglan işden soň çaý gaýnadynýar. Arhiw suraty
Kömür käninde işleýän pakistanly oglan işden soň çaý gaýnadynýar. Arhiw suraty

Bütindünýä bankynyň Sermaýa dawalaryny çözýän halkara merkezi Pakistanyň Reko Dik magdan käni işi boýunça 6 milliard dollara golaý serişde tölemelidigi barada karar çykardy.

12-nji iýuldaky karar “Tethyan Copper” kompaniýasynyň haýryna çykaryldy. “Tethyan Copper” Çiliniň “Antofagasta” we Kanadanyň “Barrick Gold” kompaniýalarynyň bilelikde döreden kärhanasy bolup, bu iş boýunça $4.08 milliard möçberinde jerime, $1.87 milliard möçberinde bolsa prosent puluny utýar.

Pakistan bu kararyň üstünden şikaýat etjekdigini aýtdy we bu proses iki ýyldan üç ýyla çenli wagt alar. Tethyan Reko Dikdäki minerallary özleşdirmek üçin 220 million dollardan gowrak sermaýa ýatyrandygyny aýdýar.

Reko Dik Pakistanyň Eýran we Owganystan bilen serhedinde ýerleşýän öçen wulkan bolup, dünýäniň iň bir baý we işlenmedik mis we altyn depoziti hasaplanýar.

Pakistan hökümeti 2011-nji ýylda bu kompaniýa operasiýalaryny dowam etdirmegi üçin magdan gazyp almak ygtyýarlyklaryny bermekden ýüz öwürdi. Pakistanyň Ýokary sudy 2013-nji ýylda bu ylalaşygy ýatyrmak barada karar çykardy.

Tethyan bilen Pakistanyň arasynda suw seljermeleri 7 ýyl bäri dowam edýär. Kompaniýa özüne ýeten zyýanyň öwezini dolmak üçin $11.43 milliard dollar talap edýär.

XS
SM
MD
LG