Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Delide ýol hadysasyna uçran türkmenleriň atlary mälim edildi


Illýustrasiýa suraty

Hindi metbugaty ýurduň paýtagtynda bolýan aýylganç ýol hadysalary barada wideo çap edip, fewralda bolan köçe hadysasynda ejir çeken türkmen raýatlarynyň atlaryny mälim etdi.

Republicworld.com neşiriniň 14-nji iýulda çap eden habaryna görä, fewralyň başynda paýtagt Delide bolan ýol hadysasynda dört adam, şol sanda üç türkmenistanly ejir çekdi.

Olaryň biri 51 ýaşyndaky türkmenistanly Gülşat Alyjanowa heläk boldy, 33 ýaşyndaky Almagül Ataýewa, 55 ýaşyndaky Gulýa Yýam we olaryň münüp barýan awtorikşasynyň sürüjisi Raghubir Singh ýaralandy.

Bu hadysa günortandan soň, sagat 13:32 töwereginde, Deliniň Çanakýapuri diýen ýerindäki Winaý Margda, ýokary tizlikde gelýän gymmatbaha “Bentley” awtomobiliniň ýolagçy alyp barýan ulagy urmagy netijesinde boldy.

Ýokary tizlikde gelýän gymmatbaha awtoulagyň eýesi biznes tüçjary Ponty Chadhanyň 19 ýaşly ýegeni Asees Singh Chadha diýip, polisiýa aýtdy.

Türkmen mediasy ýurt içinde we daşynda ýol hadysasynda heläk bolýan we ýaralanýan raýatlary hakynda hiç bir maglumat bermeýär. Bu barada adatça türkmen häkimiýetleri hem dymýar.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilýän ýol hadysa barada kommentariý almak üçin, şeýle-de şuňa meňzeş heläkçiliklere uçran türkmenistanlylara nähili ýardam berilýändigi bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň Hindistanyň Deli şäherindäki ilçihanasy bilen telefon arkaly habarlaşdy.

Türkmen ilçihanasynda telefona jogap beren jogapkär resmi ýene-de ýarym sagatdan jaň etmegi sorady. Ýöne Azatlyk Radiosynyň ýarym sagatdan soň eden telefon jaňlaryna ilçihananyň hiç bir resmisi jogap bermedi.

Soňky bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Hindistanyň media serişdelerinde türkmenistanlylar baradaky habarlar ýygy-ýygydan peýda bolýar. Bu habarlaryň tas ählisinde diýen ýaly Hindistanda Türkmenistanyň raýatlarynyň bikanun gyzyl söwdasynda tutulandygy mälim edilýär.

Şeýle habarlaryň iň soňkusy 5-nji maýda Hindistanyň “The Times of India” neşirinde çap edildi.

Habarda aýdylmagyna görä, Deli şäheriniň aeroportunda dördüsi Türkmenistanyň raýaty, jemi bäş ýolagçy bahasy 20 million hindi rupisine barabar, ýagny ortaça 288 müň 140 amerikan dollary möçberindäki gyzyly bikanun ýollar bilen Hindistanyň çägine saljak bolanda, gümrük resmileri tarapyndan tussag edildi.

Bu habardan ozal hem hindi metbugatynda soňky bir ýylyň dowamynda şuňa meňzeşwakalaryň azyndan üç gezek bolandygy mälim edildi.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi soňky ýyllarda Hindistana sapar edýän türkmenistanlylaryň has köp göze ilýändigini aýdýar.

Olar ýurtdaky ykdysady kynçylyklar we saglyk pudagynyň gowşakdygy bilen baglylykda, türkmenistanlylaryň belli bir böleginiň gazanç, söwda etmek we beýleki bir böleginiň bolsa saglygyna seretdirmek üçin Hindistana sapar edýändigini belleýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG