Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanda Türkmenistanyň dört raýaty 4,4 kg möçberindäki bikanun gyzyl söwdasynda tutuldy


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Deli şäheriniň aeroportunda dördüsi Türkmenistanyň raýaty, jemi bäş ýolagçy bahasy 20 million hindi rupisine barabar, ýagny ortaça 288 müň 140 amerikan dollary möçberindäki gyzyly bikanun ýollar bilen Hindistanyň çägine saljak bolanda, gümrük resmileri tarapyndan tussag edildi. Bu barada Hindistanyň media serişdeleri habar berýärler.

“The Times of India” neşiriniň 5-nji maýda çap eden habaryna görä, gyzyly kontrabanda ýoly bilen geçirmäge synanyşmakda güman edilýänler soňky bir hepdäniň çäginde aýry-aýry wakalarda tussag edildiler.

“Türkmenistanly dört ýolagçy, şol sanda üç zenan çarşenbe güni aýrybaşga reýslerde Deliniň aeroportuna gelenden soňra ele salyndy. Olaryň ikisi Dubaýdan, galan ikisi-de Türkmenistandan geldi” diýlip, neşir Hindistanyň Gümrük gullugy tarapyndan ýaýradylan beýanata salgylanyp habar berýär.

Beýanatda aýdylmagyna görä, türkmenistanly dört ýolagçynyň bagažynyň we şahsy goşlarynyň jikme-jik barlanmagynyň netijesinde gyzyl harytlar, zynjyrlar, ýüzükler, bilezikler we şelpeler tapyldy. Olaryň jemi agramy 4,4 kilograma barabardyr. Türkmen raýatlary tussag edildi we altynlar ele salyndy.

Habarda aýrybaşga bir wakada Hong Kongdan Hindistana sapar eden bir hindi raýatynyň 7,4 kilogram gyzyly bikanun ýollar bilen ýurda salmaga synanyşanda tussag edilendigi hem bellenilýär.

Türkmenistanyň raýatlarynyň gyzyl gaçakçylygynda aýyplanyp, Hindistanda tussag edilmegi bilen bagly hindi metbugatynda soňky bir ýylyň dowamynda indi dördünji gezek habar berildi.

Şol wakalarda tussag edilen şübheli türkmen raýatlarynyň sany onlarça bolup, olar aýrybaşga hadysalarda jemi 20 kilogramdan gowrak altyny bikanun ýollar bilen Hindistana geçirmäge synanyşmakda aýyplanýarlar. Bu altynlaryň umumy bahasy 1 million amerikan dollaryndan hem geçýär.

2018-nji ýylyň 26-njy iýunynda türkmen häkimiýetleriniň Hindistanda altyn gaçakçylygynda güman edilip saklanan türkmenistanlylary ýurda ekstradisiýa etdirmegiň ugrunda işleýändigini Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmesi habar beripdi.

Bikanun gyzyl söwdasy bilen baglylykda Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlarda tussag edilmegi bilen bagly wakalar Azerbaýjanda we Belarusda hem ýüze çykypdy.

2018-nji ýylyň fewral aýynda Azerbaýjanyň haqqin.az neşiri Bakuwyň Halkara deňiz portunyň gümrük gullugynyň gaçak görnüşde Azerbaýjana gyzyl geçirmekçi bolan türkmen raýatlarynyň saklanandygy barada habar beripdi.

Geçen ýylyň fewralynda Belarusyň paýtagtynda türkmenistanly iki dogan bahasy 950 amerikan dollaryna barabar bolan 10 sany göwher daşyny satmakçy bolanda ele salnypdy.

Türkmenistanyň syýasy durmuşyny ýakyndan yzarlaýan halkara synçylarynyň ençemesi ýurduň garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini aýdýar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýokarda agzalan hadysalar barada halk köpçüligine maglumat bermän gelýärler. Bu mesele boýunça Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasy bilen habarlaşyp, kommentariýa almak synanyşyklary hem häzirlikçe başa barmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG