Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbe TOT-yň gurluşygyna taýýarlanýar, Aşgabat täjik ýüklerini şindi hem goýbermeýär


Tjik ýük maşynlary

Täjigistan we Owganystan iki ýurdy Türkmenistan bilen baglajak demir ýoluň gurluşygy barada ylalaşyk baglaşdy, bu mesele şu aýyň başynda Duşenbede, söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça täjik-owgan hökümetara komissiýasynyň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşdyldy diýip, Täjigistanyň transport ministriniň birinji orunbasary Suhrob Mirzozoda 17-nji iýulda Daşkentde guralan metbugat ýygnagynda aýtdy.

Şol bir wagtda, Türkmenistan Täjigistana dahylly ýük maşynlaryny eýýäm ýarym ýyl bäri öz üstünden geçirmeýär, täjik häkimiýetleri ýük gatnatmagyň başga, has uzak ýollaryny tapmaly boldular diýip, “Aziýa-Plýus” neşiri habar berýär.

“Biz bu meseläni iki sany alternatiw marşrut esasynda çözdük, şolar arkaly ýük gatnawyny päsgelçiliksiz amala aşyrýarys” diýip, Suhrob Mirzozoda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, gysga wagt içinde Azerbaýjanyň we Gürjüstanyň häkimiýetleri bilen özara ylalaşyk baglaşyldy, olar täjik ýükleriniň öz territoriýalaryndaky ýollardan gatnadylmagyna razylyk berdiler.

Türkmenistan Täjigistana dahylly ýükleriň demirýol we awtomobil ýollary arkaly öz territoriýasyndan geçirilmegine geçen ýylyň sentýabrynda gadaganlyk girizdi.

Aşgabat şonda Täjigistana tranzit arkaly barýan ýük maşynlarynyň türkmen serhedinde howpsuzlyk aladalary sebäpli saklanandygyny aýtdy. Täjigistanyň DIM-niň maglumatyna görä, bu düşündiriş türkmen tarapynyň iberen resmi hatynda berildi. Aşgabat täjik ýüklerine diňe bir aý soň ýol açdy.

Emma Türkmenistan fewral aýynyň başynda ýene täjik ýükleriniň öňüni baglady we netijede, eýran-türkmen araçäginde onlarça ýük maşyny saklandy, Türkmenistanyň demirýol stansiýalarynda Täjigistanyň 108 sany ýük wagony toplandy. Şondan bäri geçen ýarym ýyl içinde bu mesele çözülmän gelýär.

Häzirki wagtda täjik ýükleriniň gatnadylmagy üçin iki marşrut ulanylýar, ýogsa olar Türkmenistanyň territoriýasyndan geçýän ýola garanda has uzak wagt alýar. Ol ýollaryň birinjisi Özbegistanyň üstünden Gazagystanyň Kaspi deňziniň kenaryndaky Aktau portuna gelip, bu ýerden Bakuwa barýar we Azerbaýjanyň territoriýasyndan geçýär. Ikinji ýol Özbegistanyň, Gazagystanyň, Orsýetiň we Gürjüstanyň, Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň üstünden geçýär.

Türkmenistan Täjigistana dahylly ýükleri hatda demirýol arkaly hem şu wagta çenli öz üstünden geçirmeýär diýip, “Aziýa-Plýus” ýazýar.

Täjigistanyň döwlet demirýol edarasynyň başlygynyň orunbasary Usmon Kalandarowyň sözlerine görä, Türkmenistan bilen aradaky demirýol problemasy hem alternatiw ýollary tapmak arkaly çözüldi.

Täjik resmileriniň sözlerine görä, Aşgabadyň gadaganlygynyň sebäpleri açyk aýdylmaýar.

Şu aralykda gadaganlyk sebäpleriniň Owganystanyň üstünden Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasynda guruljak demir ýol bilen bagly bolmagynyň ähtimallygy baradaky çaklamalar orta atyldy. Üç ýurt, Türkmenistan, Owganystan we Täjigistan TOT diýlip at berlen demirýol taslamasynyň ylalaşygyna baryp 2013-nji ýylda gol çekdi.

Türkmenistan bu demir ýoluň özüne dahylly böleginiň gurluşygyny 2016-njy ýylda tamamlandygyny we onuň owgan bölegini gurup başlandygyny mälim etdi, emma ýoluň täjik böleginiň gurluşygy, serişde ýetmezçiligi sebäpli, häzire-bu güne çenli başlanman gelýär.

Duşenbäniň TOT demir ýolunyň gurluşygyna başlamazlygynyň ýene bir sebäbi Özbegistan bilen gatnaşyklaryň gowulanmagy bilen baglanyşdyrylýar.

Täjigistanyň Özbegistandaky ilçisi Sodik Aşurboýzodäniň geçen ýylyň sentýabrynda Orsýetiň “Kommersant” neşiri bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, Duşenbe TOT demir ýoluny gurmagy “gowy günlere çenli soňa goýýar”.

Şonda Türkmenistan täjik diplomatynyň bu sözlerine “haýran” galandygyny aýtdy we iki ýurduň arasyndaky düşünişmezlik diňe oktýabrda, Täjigistanyň TOT taslamasyny durmuşa geçirmek bilen henizem gyzyklanýandygyny aýtmagy bilen aradan aýrylana meňzedi.

Täjik resmisiniň sözlerine görä, TOT taslamsynyň täjik böleginiň tehniki-ykdysady esaslandyrmalarynyň ýylyň aýagyna çenli tamamlanmagyna garaşylýar. Mundan öň Aziýa ösüş bankynyň bu iş üçin 9 million dollar möçberinde serişde berjegi aýdylypdy.

Emma 2016-nji ýylda, Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli, bu işiň maliýeleşdrmesiniň togtadylandygy mälim boldy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG