Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen DIM-niň reaksiýasyndan soň, Duşenbe TOT proýektinden ýüz öwürmeýändigini aýdýar


Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan (TOT) demir ýolunyň gurluşygy, transowgan koridoryny döretmek baradaky jarnama Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Owganystanyň prezidentleri baryp 2013-nji ýylyň başynda gol çekdi.
Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan (TOT) demir ýolunyň gurluşygy, transowgan koridoryny döretmek baradaky jarnama Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Owganystanyň prezidentleri baryp 2013-nji ýylyň başynda gol çekdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Täjigistanyň Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan, ýagny TOT demirýol proýektini soňa goýmak planlaryna düşünmeýändigini aýdyp, täjik DIM-ine resmi hat ýollanyndan soň, resmi Duşenbe gürrüňi gidýän proýektiň durmuşa geçirilmeginden ýüz öwürmeýändigini aýtdy.

Ýatlatsak, geçen hepde Täjigistanyň Özbegistandaky ilçisi Imomi Sodik Aşurboýzodanyň Türkmenistanyň üstünden Owganystana birleşdirjek demirýol proýektiniň näbelli möhlete çenli yza çekiljekdigini aýdandygy barada maglumatlar peýda bolupdy.

Ilçiniň Russiýanyň “Kommersant” neşirinde çap edilen söhbetdeşliginde, onuň Özbegistan bilen gatnaşyklaryň ilerlemegi Duşenbäni Türkmenistandan Owganystanyň üsti bilen Täjigistana demir ýol gurmak ideýasyny "gowy zamana çenli soňa goýmaga" mejbur edendigi baradaky sözleri getirilipdi.

Muňa türkmen tarapynyň bildiren reaksiýasyndan soň, Täjigistanyň transport ministrligindäki ýokary derejeli bir resmi Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna TOT proýekti boýunça işleriň dowam edýändigini, emma bu ugurdaky üçtaraplaýyn duşuşyklaryň geçen ýylyň aýagynda bolandygyny belläp geçdi.

Onuň sözlerine görä, täjik resmileri eýýäm demirýoluň ýurduň üstünden geçmeli marşrutyny hem kesgitläpdirler. Atlandyrylmasyzlygyny soran resmi “indi demirýolyň Owganysytan böleginden geçmeli marşruty boýunça Kabulyň netijä gelmelidigini” sözüne goşdy.

Täjigistanyň Özbegistandaky ilçisi Imomi Sodik Aşurboýzoda
Täjigistanyň Özbegistandaky ilçisi Imomi Sodik Aşurboýzoda

Şol bir wagtda, “demirýol proýektiniň näbelli möhlete çenli yza çekiljekdigini” aýtdy diýilýän täjik ilçisi bu sözleri aýtmandygyny öňe sürdi. Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy bilen söhbetdeşliginde Täjigistanyň Özbegistandaky ilçisi Imomi Sodik Aşurboýzoda “Bular ýaly zat aýtmandygyny”, munuň deregine “öz ýurdunyň Özbegistan bilen özara gatnaşyklarynyň gowulanmagyny gutlap çykyş edendigini” belledi. Şeýle-de, ilçi “Duşenbäniň regional hyzmatdaşlygy ösdürjek ähli proýektleri goldaýandygyny” hem sözüne goşdy.

Aşgabat bilen Duşenbäniň arasynda gürrüňi edilýän demirýol proýeketiniň amala aşyrylmagy bilen bagly ozal hem käbir “düşünişmezlikler” bolupdy, emma soňky ýaýran maglumat Eýrandan we Türkiýeden Täjigistana ýük getirýän ýük maşynlarynyň Türkmenistanyň serhedinde hepdeläp saklanmagynyň we ýurduň territoriýasyna goýberilmezliginiň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistan Täjigistanyň ýük ulaglaryny "geçirmeýär”
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:42 0:00

Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan (TOT) demir ýolunyň gurluşygy, transowgan koridoryny döretmek baradaky jarnama Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Owganystanyň prezidentleri baryp 2013-nji ýylyň başynda gol çekdi.

Türkmenistan bu ýoluň özüne degişli 85 kilometrlik böleginiň gurluşygyna 2013-nji ýylyň 5-nji iýunynda başlap, 2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýoluny açdy we özüniň “Ýewraziýa regionynda iri transport-tranzit merkezine öwrülýändigini” yglan etdi.

TOT proýektiniň tehniki ykdysady delillendiriş işlerine Aziýanyň ösüş banky 9 million dollar möçberinde pul çykarypdy.

XS
SM
MD
LG