Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada müňlerçe adam saýlawa goýberilmedik kandidatlara goldaw üçin proteste çykdy


Moskwa. Rus protestçileri. 20-nji iýul, 2019.
Moskwa. Rus protestçileri. 20-nji iýul, 2019.

10 müňden gowrak adam, şol sanda tanymal oppozisiýa wekilleri ýerli saýlawlaryň azat we adalatly geçirilmegini talap edip, Moskwada ýörişe çykdy diýip, protest ýygnanyşyklaryna gatnaşygyň hasabyny ýöredýän hökümetden aýryAk sanawçy guramasyaýtdy.

Rus paýtagtynda 20-nji iýulda guralan ýygnanyşyk saýlaw häkimiýetleriniň oppozision kandidatlaryň şäher geňeşiniň saýlawlary üçin hasaba alynmagyna rugsat bermezligine garşy protest bildirmek üçin geçirilýär.

Guramaçylar moskwalylary köçelere çykmaga we kandidatlara, şol sanda saýlaw resmileri tarapyndan hasaba alynmadyk Ilýa Ýaşine, Lýubow Sobola we Dmitriý Gudkowa goldaw bildirmäge çagyrýarlar.

Soňky günlerde Moskwada oppozision kandidatlaryň paýtagtyň şäher geňeşine, Şäher dumasyna saýlawlar üçin hasaba alynmazlygyna garşy birnäçe protest aksiýasy gurnaldy.

XS
SM
MD
LG