Ukrainalylar 21-nji iýulda täze parlament saýlamak üçin ses berýärler, prezident Wolodimir Zelenskiý deputatlaryň kanuny jogapkärçilige çekilmezlik hukugy ýatyrylmaly diýýär.
Bu saýlawlara Zelenskiniň syýasy keseki hökmünde gazanan üstünlikli saýlaw ýeňşinden soňky iki aýdaky meşhurlygynyň barometri ýaly seredilýär.
Ýyllara çeken ykdysady gowuşgynsyzlykdan, giň ýaýran korrupsiýadan we gündogar Ukrainada Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistler bilen barýan uruşdan soň saýlawçylar Zelenskä ýurdy täze bir ugra gönükdirmek üçin berk goldaw bildirdiler.
Pikir soramalary ozalky şorta, telewideniýe sahnasynda tötänden prezident bolan adamyň roluny oýnan Zelenskiniň öz meşhurlygyny köp derejede saklap galýandygyny görkezýär.
Parlamentde geçirmekçi bolýan reformalaryna päsgel berjek garşydaşlary agalyk edensoň, ol parlament saýlawlaryny bellenen wagtyndan üç aý öň geçirmegi teklip etdi.
Indi mesele ýaranlykdaky we bir aý ýaşan syýasy partiýanyň – Halkyň hyzmatkäriniň 21-nji iýuldaky saýlawlarda Werhownaýa Radada köplügi ýa-da berk dürlüligi gazanyp bilmegi bilen bagly. Şonda Zelenskiý reformalary ilerletmek üçin saldamly goldaw alýar.
Saýlawlar ýerli wagt bilen ir sagat 8-de başlandy we agşam sagat 8-de ýapylar.
Zelenskiyý, parlament spikeri Andriy Parubiý, ozalky prezident Petro Poroşenko, ozalky premýer-minsitr Ýulia Timoşenko dagy Kiýewde günortana golaý ses berdi.
Zelenskiý ses bereninden soň žurnalistlere özüniň hökümet başlygy ozal hökümete we syýasata baglanyşygy bolmadyk professional ykdysatçy bolmaly diýen ynam bilen ses berendigini aýtdy.
Halkara Resbuplika institutynyň 9-njy iýulda çap eden pikir netijeleri ukrainalylaryň 67 prosentiniň Zelenskiniň edýän işlerini goldaýandygyny görkezdi.
Saýlawlaryň ilkinji çykyş netijeleriniň ses berişlik gutaran badynda yglan edilmegine garaşylýar, deslapky resmi netijeler bolsa 22-nji iýulda, irden çap ediler.